“Türkmenistan”  awiakompaniýasy” AGPJ-niň wekilleri 27-29-njy fewral aralygynda “Routes Asia 2024” forumyna gatnaşdylar

1 Mart 2024
427

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri 27-29-njy fewral aralygynda Malaýziýa ýarymadasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän hem-de arhipelagyň 99 adasynyň içinde iň uly ada bolan Langkawi adasynda konferensiýalaryň ilkinji sapar Langkawi Halkara konferensiýalar merkezinde geçirilen “Routes Asia 2024” forumyna gatnaşdylar.

Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine bagyşlanan, ýollary ösdürmek boýunça ýeke-täk çäre bolmak bilen bu forum awiakompaniýalara, howa menzillerine, syýahatçylyk kompaniýalaryna we awiasiýada gyzyklanma bildirýän taraplara duşuşyklar, öňdebaryjy tejribäni alşyp-berişmek üçin hem-de ulgamlaýyn strategiýalary işläp düzmek we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki awiagatnawlaryň geljekki ösüşini üpjün etmek babatda tagallalary birikdirmek üçin meýdançany teklip edýär.

Beýleki habarlar