Köpöwüşginli dünýä

28 Fewral 2024
379

Düýn Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Bu ýerde halkymyzyň amaly-haşam sungatyna degişli işleriň sergisi guraldy. Türkmen halkynyň milli medeni mirasynyň görnükli eserleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty, Mary welaýat häkimligi bilelikde guradylar.

Sergä çykarylan nepis haly we haly önümleri, keçe, zergärçilik, senetçilik hem-de amaly-haşam sungat eserleri oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Welaýatyň bagşylar topary halkymyzyň gymmatly milli mirasyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän, Gündogar edebiýatynyň beýik söz ussady, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur filosofiýa ýugrulan şygyrlary esasynda döredilen aýdymlary belent heňde, uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.
Beýleki habarlar