"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — möhüm halkara forumyň 26-njy mejlisinde tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar hem-de özara hereketleri ylalaşarlar.

Nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda uly dabaralar — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasyp derejede bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz, gözel paýtagtymyz halkara maslahatlaryň, ýokary derejeli duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu ýylyň 27 — 28-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahaty has-da netijeli boldy. Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahata iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Dostluk daragtynyň miweleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň dünýä döwletleri, aýratyn hem goňşy ýurtlar bilen alyp barýan hoşniýetli, goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklary täze derejä çykýar. Muny şu ýylyň 24 — 25-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza bolan döwlet sapary hem aýdyňlygy bilen görkezdi. Gazagystanyň Prezidentiniň ýurdumyza bolan bu döwlet sapary hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň täze taryhyna nobatdaky möhüm sahypany ýazdy. Häzirki döwürde «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny» amala aşyrmak babatynda ýurdumyz Gazagystan Respublikasy bilen gatnaşyklary hil taýdan ýokary derejelere çykarýar we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bu gatnaşyklar ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmagyň, düşünişmegiň, özara bähbitliligiň mizemez esaslarynda alnyp barylýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, halklaryň taryhy umumylygyndan, ynsanperwer-ruhy köklerden, iki doganlyk halkyň medeniýetde, söwdada köpasyrlyk özara bähbitli gatnaşyklaryndan, şeýle hem parahatçylyga, ylalaşyga, durnukly ösüşe gönükdirilen umumadamzat gymmatlyklaryndan ugur alýar.

Türk­me­nis­tan — Ga­za­gys­tan: hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz dün­ýä­niň ýü­zün­de özü­niň oňyn da­şa­ry sy­ýa­sa­ty bi­len giň­den da­ba­ra­lan­ýar. Bu gün­ki gün Wa­ta­ny­myz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len ýa­kyn­dan iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk­la­ry alyp bar­ýar. Ol hyz­mat­daş­lyk­la­ryň çä­gin­de ýur­du­myz beý­le­ki ýurt­lar bi­len sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ýa­ly ugur­lar­da gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­ýär. Mu­ny 24-25-nji okt­ýabr­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Türk­me­nis­ta­na bo­lan döw­let sa­pa­ry hem aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­laýar. Bu sa­pa­ryň do­wa­myn­da Pre­zi­dent­ler däp bo­lan dost­luk, öza­ra dü­şü­niş­mek, açyk­lyk we yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da türk­men-ga­zak stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň tu­tuş top­lu­my bo­ýun­ça hem­me­ta­rap­la­ýyn we ne­ti­je­li gep­le­şik­le­ri ge­çir­di­ler, şeý­le hem öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän mö­hüm hal­ka­ra we se­bit me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da je­mi 20 sa­ny iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma go

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 15-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan, BAE-den, Tür­ki­ýe­den, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan ge­len işe­wür­ler Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­rini sa­tyn aldylar. Şeý­le-de Ga­za­gys­tan­dan ge­len te­le­ke­çi­ler Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len reňk­siz aý­na önüm­le­ri­ni sa­tyn al­dy­lar. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 3 mil­lion 15 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

«GEOCLIC» — geljege umyt!

Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi 28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de ýurdumyza gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YHG-nyň işjeň agzasy we şu ýylky başlygy hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýetini belledi.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk: tejribeler we täze mümkinçilikler

27-28-nji oktýabrda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat geçirildi. Maslahat halkara guramalaryň, dünýäniň 32 döwletinden halkara kompaniýalaryň, şeýle hem energetika guramalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Onuň işine 400-den gowrak adam gatnaşdy. Biz hem gazetimiziň şu sanynda bu iri çärä gatnaşyjylaryň käbirleriniň çykyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Mohammed Sanusi BARKINDO, Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary:

Halkara maslahat geçirildi

Paýtagtymyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat geçirildi. 27-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan bu halkara maslahat “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” korporasiýasy tarapyndan hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy. 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşuldy. Maslahatyň umumy mejlisi ählumumy energiýa ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine bagyşlandy. Türkmen tarapyndan çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz bu strategik ulgamda halkara hyzmatdaşlyga ählumumy abadançylygy, rowaçlygy we gülläp ösüşi kesgitleýän ýagdaýlaryň biri hökmünde garaýar.

Täze sepgitleri nazarlaýan forum

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz pudagynda-da alnyp barylýan işler, dünýä ýurtlary, iri-iri kompaniýalary bilen ýola goýlan we goýulýan hyzmatdaşlyklar ösüşleriň yzygiderliligini kepillendirýär. Munuň özi dünýä ýüzünden işewürleriň nazarynyň şu topraga gönükmegine itergi berýär. Şeýle gatnaşyklaryň ýygjamlanmagy bolsa ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara forumlarynyň uly üstünliklere beslenmegi bilen hem berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde ýurdumyzda iş alyp barýan iri daşary ýurt kompaniýalaryň, guramalaryň sany barha artýar. Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen iri forum bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşyjylaryň giň düzümi hem Türkmenistanyň daşary ýurtly işewürler toparlary üçin maýa goýum babatyndaky özüne çekijiliginden habar berýär. Indi 26-njy gezek geçirilýän bu maslahata 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Aşgabatdan onlaýn usulda dünýäniň onlarça ýurduna görkezilýän foruma hökümet düzümleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň iri nebitgaz, hy

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugruna bagyşlanan halkara maslahat

Öňňin söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat öz işine başlady. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralan bu maslahata 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly goşuldy. «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» forumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, ony halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek baradaky tagallalary bilen ýurdumyzyň kanunçylygynda üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Türkmenistan birnäçe halkara konwensiýalaryna we şertnamalaryna goşulyşdy. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde ilkinjileriň hatarynda raýatsyzlyk baradaky esasy Konwensiýalara, ýagny BMG-niň «Apatridleriň derejesi barada» we «Raýatsyzlygy azaltmak barada» Konwensiýalaryna goşulyp, olardaky kadalary milli kanunçylygymyza, ýagny «Migrasiýa hakynda», «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň migrasiýa ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi.

Halkara hyzmatdaşlyk — nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ýoly

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi 27.10.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistan — Gazagystan: hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler boldy. ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK — YNSANPERWERLIK ÝÖRELGELERINIŇ ESASY ŞERTI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwletleriň Baştutanlary däp bolan dostluk, doly özara düşünişmek, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumy boýunça hemmetaraplaýyn we netijeli gepleşikleri geçirdiler, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen-özbek gatnaşyklary: tagallalar birleşdirilýär

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hyzmatdaşlygyň täze derejesi

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň awtoulag kerweni Garaşsyzlyk meýdanyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy. Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra, Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýöriş geçdiler. Belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni atly hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynyň merkezi girelgesine geldi, bu ýerde gazagystanly kärdeşini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Kärine kämil tokar

Mary etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda Kakadurdy aganyň ady hormat bilen tutulýar “Işleseň il tanar” diýlişi ýaly, Kakadurdy Mollaýew özüniň çekýän päk zähmeti bilen köpüň söýgüsini gazanmagy başarýar. Ol gijesini gündiz edip, indi biregne 40 ýyl bäri tokar bolup zähmet çekýär. Birnäçe ýyl bäri bu iş bilen meşgullanýan Kakadurdy aga indi bu işde tejribe toplap, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Kärhananyň direktory Gadam Muhadow: — Kakadurdy kärhanamyzda tejribeli işgärlerimiziň biri. Onuň edýän işini synlanyňda, göwnüň suw içen ýaly bolýar. Kärhanada tehnikalara gerekli şaýlary ýasamakda onuň elleri gelşip dur — diýip gürrüň berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.