Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň ýüzünde özüniň oňyn daşary syýasaty bilen giňden dabaralanýar. Bu günki gün Watanymyz dünýä döwletleri bilen ýakyndan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Ol hyzmatdaşlyklaryň çäginde ýurdumyz beýleki ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda gatnaşyklary yzygiderli kämilleşdirýär. Muny 24-25-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan döwlet sapary hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Bu saparyň dowamynda Prezidentler däp bolan dostluk, özara düşünişmek, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumy boýunça hemmetaraplaýyn we netijeli gepleşikleri geçirdiler, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Gepleşikleriň dowamynda jemi 20 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Ol resminamalar boýunça dürli-dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk etmek göz öňüne tutulýar. Gol çekilen resminamalar hatarynda ulag logistika, maglumat kommunikasiýa, söwda hyzmatdaşlygy, medeniýet, halkara awtomobil daşamalar, statistika, durmuş-zähmet, ýükleri we ýolagçylary daşamak we üstaşyr geçirmek, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, goranmak, raýat goranyşy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek, ýurtlaryň döwlet serhediniň düzgüni hakynda, Hazar deňzinde Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň delimitasiýasy ýaly ylalaşyklary görkezmek bolar. Mundan başga-da, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen «Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersiteti» täjirçilik maksatly bolmadyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara sanly ulgam arkaly gol çekildi.