Kärine kämil tokar

27 Oktýabr 2021
1103

Mary etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda Kakadurdy aganyň ady hormat bilen tutulýar “Işleseň il tanar” diýlişi ýaly, Kakadurdy Mollaýew özüniň çekýän päk zähmeti bilen köpüň söýgüsini gazanmagy başarýar. Ol gijesini gündiz edip, indi biregne 40 ýyl bäri tokar bolup zähmet çekýär. Birnäçe ýyl bäri bu iş bilen meşgullanýan Kakadurdy aga indi bu işde tejribe toplap, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Kärhananyň direktory Gadam Muhadow:

— Kakadurdy kärhanamyzda tejribeli işgärlerimiziň biri. Onuň edýän işini synlanyňda, göwnüň suw içen ýaly bolýar. Kärhanada tehnikalara gerekli şaýlary ýasamakda onuň elleri gelşip dur — diýip gürrüň berýär.

Beýleki habarlar