Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

29 Oktýabr 2021
1191

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de ýurdumyza gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YHG-nyň işjeň agzasy we şu ýylky başlygy hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýetini belledi.

"Nesil".
Beýleki habarlar