Dostluk daragtynyň miweleri

1 Noýabr 2021
1087

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň dünýä döwletleri, aýratyn hem goňşy ýurtlar bilen alyp barýan hoşniýetli, goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklary täze derejä çykýar. Muny şu ýylyň 24 — 25-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza bolan döwlet sapary hem aýdyňlygy bilen görkezdi. Gazagystanyň Prezidentiniň ýurdumyza bolan bu döwlet sapary hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň täze taryhyna nobatdaky möhüm sahypany ýazdy.

Häzirki döwürde «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny» amala aşyrmak babatynda ýurdumyz Gazagystan Respublikasy bilen gatnaşyklary hil taýdan ýokary derejelere çykarýar we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bu gatnaşyklar ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmagyň, düşünişmegiň, özara bähbitliligiň mizemez esaslarynda alnyp barylýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, halklaryň taryhy umumylygyndan, ynsanperwer-ruhy köklerden, iki doganlyk halkyň medeniýetde, söwdada köpasyrlyk özara bähbitli gatnaşyklaryndan, şeýle hem parahatçylyga, ylalaşyga, durnukly ösüşe gönükdirilen umumadamzat gymmatlyklaryndan ugur alýar.

Begmyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar