"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Köýtendagyň täsin kölleri

Köýtendagyň täsinlikleriniň ýene-de biri onuň karst hadysasy netijesinde emele gelen täsin kölleridir. Bu ýerde ululy-kiçili kölleriň onlarçasy bar. Köýtendagda hemişelik gar çyzygynyň deňiz derejesinden 3700 metr ýokardan geçýänligi sebäpli, bu ýerde ýylboýy saklanýan gar örtügi ýok, ol maý-iýun aýlarynda eräp gutarýar. Bu bolsa dag eteklerinde dürli ululykdaky we çuňlukdaky karst kölleriniň emele gelmegine sebäp bolupdyr. Köýten obasynyň golaýyndaky Ketdeköl tebigy suw howdany ýurdumyzda iň çuň we süýji suwly köl hasaplanýar. Ol şol ýerden akyp geçýän Köýten derýasynyň sag kenarynda, deňiz derejesinden 754 metr beýiklikde ýerleşýär. Bu onuň Watanymyzda deňiz derejesinden iň ýokarda ýerleşen köldügini görkezýär. Onuň uzynlygy demirgazykdan günorta tarapa 450 metr, ini 375 metre uzalyp gidýär. Tutýan meýdany 25 gektar, çuňlugy 59 metrdir.

Tebigata söýgi

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, diňe bir obalarymyz we şäherlerimiz däl, eýsem, sähralarymyz, tebigatymyz hem bagy-bossanlyga öwrülýär. Biz, mugallymlar hem döwletli işlerden ugur alyp, tebigatymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini içgin öwrenýäris. Tebigat barada il arasynda duş gelýän gyzykly gürrüňleri we bag ekmäge degişli gymmatly maslahatlary ýazga geçirýäris, olary okuwçylara öwredýäris. Bu bolsa ýaşlarymyzda tebigata bolan aýawly we mukaddes garaýyşlary kemala getirýär. Ýel bilen sazak

Towşan ýyly — bereket

Her ýyl öz häsiýeti, rysgal-berekedi bilen adamzadyň ykbalynda yz goýup gidýär. Ýurdumyza bereket bolup gelen Bars ýyly özüniň şatlyklary, ajaýyp wakalary bilen taryhyň gatyna, ýyldyzlar senenamasyndan ýene 12 ýyldan aýlanyp gelmäge gidýär. Indi onuň ýerini parahatçylygyň we asudalygyň, rysgal-berekediň, sahawatlylygyň, ugurtapyjylygyň, çakganlylygyň nyşany bolan Towşan ýyly Zemine myhman bolup geldi. Geliň, Towşan ýylynyň bize nämeler getirýändigine nazar aýlalyň!

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +13... +18 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +8... +13 gradus maýyl bolar.

Gyş pas­ly­nyň gu­ja­gyn­da...

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Gyş pas­ly, gö­räý­mä­ge, ag­ras, ga­zap­ly gö­rün­se-de, onuň gel­me­gi bi­len, yn­sa­ny haý­sy­dyr bir tä­sin şat­lyk duý­gu­sy gur­şap al­ýar. Gy­şyň ala­mat­la­ry ýü­rek­le­ri şeý­le­bir gur­şap alyp­dyr we­lin, onuň ge­le­ri­ne sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýa­rys.

Aňňat-aňňat depelerden ýol ýasap...

Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyz Garagum sährasyna gezelenjini amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň gezelenjiniň dowamynda baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan sahawatly sähramyzy synlamagy, Garagumda sport ulagynda gezelenç etmegi bizi örän buýsandyran waka boldy. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny, milli aýratynlyklaryny goramaga, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga uly üns berilýär. Garagum sährasynyň umumy tutýan meýdany 350 müň inedördül kilometre deň. Sähranyň ajaýyp gözellikleri, tebigy täsinlikleri halkymyzyň milli buýsanjydyr, guwanjydyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyò kenarýaka etraplarynda +4... +9 gradus maýyl bolar.

Kunsit — gülgüne göwher

Kunsit juda täsin mineral bolup, bary-ýogy ýüz ýyl mundan öň, ýagny XX asyryň başynda dünýä meşhur bolýar. Mineral kaliforniýaly gözlegçiler tarapyndan tapylýar we ilki «ametist» diýlip ýalňyş kabul edilýär (käwagt oňa henizem spodumen-ametist diýilýär). Bu daşy kaliforniýaly ataly-ogul tapýar. Olar bu mineraly özbaşdak kesgitläp bilmeýärler we öwrenmek üçin gemmologa geçirýärler. Meşhur amerikan gemmology Jorj Kuns daşyň hakyky tebigatyny kesgitleýär we ilkinji gezek açyş edeniň hatyrasyna, bu daş «kunsit» diýlip atlandyrylýar. Şondan bäri kunsit owadanlygy bilen gymmat bahaly daşlaryň arasynda uly meşhurlyk gazanyp gelýär. Bu daşyň şeýle meşhurlyk gazanmagyna amerikanyň zergärçilik sungaty sebäp bolýar. 1900-nji ýyllarda gemmolog J.Kuns geň-enaýy daşlaryň gözleginde bolan Tiffany zergärçilik kärhanasynda işleýär. Elbetde, geň, täsin we owadan kunsit ony görenlerde dessine gyzyklanma döredýär. Tiffany kärhanasy täze daşy mahabatlandyryp, ondan şaý-sep bezeglerini öndürip başlaýar. Häzirki wagta çenli bu mineral ABŞ-da we Ýewropada uly meşhurlyga eýe bolup, ol «gülgüne göwher» diýlip hem tanalýar.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2023-nji ýyl Ýanwar aýy

1.Hamal (Guzy 21.03 — 20.04) Ýanwar aýynda ýyldyzlar hamallara ýatdan çykmajak wakalary wada berýär. Siz bu döwürde durmuşyňyzda ýüze çykyp biljek päsgelçilikleri aňsatlyk bilen ýeňip geçip bilersiňiz. Bu döwürde hünär taýdan öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetersiňiz. Işiňizde uly üstünlikler we ösüşler garaşýar. Iş ýeriňizde ýürekdeş kärdeşleriňiziň maslahatlaryna eýeriň. Täze pikirleriňizi durmuşa geçirmekden çekinmäň. Ýanwarda serişdeleriňizi tygşytly peýdalanmak maslahat berilýär. Aýyň ahyrynda girdeji çeşmäňiziň artmagyna garaşylýar. Şahsy durmuşyňyzda uly üýtgeşmeler bolup biler. Maşgalaňyza hoş habar garaşýar. Ýanwar aýynda durmuşyňyzda şatlykly günleri başdan geçirersiňiz.

Daragt bilen duşuşyk

Men bu ýere gelip kimdir birine garaşamok. Gaýta adamlaryň özleri gelýär. Sebäbi onuň huzuryna gelip haýran galmazlyk mümkinem däl. Belki, siz ony görensiňizem?! Bu seýilbag açyk asmanyň astyndaky muzeýi ýada salýar. Şonuň üçin men bu ýola mekdebe barýan ýol ýaly öwrenişikli. Onuň şo bolşy. Her gezek göýä, tanyş adam bilen görüşýän deý, onuň ýanyna barýaryn. Golaýladygymça o daragtyň öz gujagyna atarýan täsin duýgulary oňa hormatymy artdyrýar. — Essalawmaleýkim!

Gyş pasly

Güýz paslyny yzda goýup, täze ýazlara ýakynlaşdyrýan gyş pasly dowam edýär. Planeter togalagynyň astronomiki gyşy bu pasyldaky Günüň günortan beýikliginiň üýtgemän galýan wagtyndan başlap, bahardaky gündiz bilen gijäniň birmeňzeş uzynlygyna çenli dowam edýär. Bu wagt Demirgazyk ýarymşarynda 22-nji dekabrdan 21-nji marta, Günorta ýarymşarynda bolsa, 22-nji iýundan 21-nji sentýabra çenli aralyga gabat gelýär. Dürli ýyllarda Ýer ýüzünde bu astronomiki pursatlar dürli wagtlara (görkezilen günüň içinde) gabat gelýär. Astronomiki taýdan ýylyň Gün ýagtylygynyň iň az sagady bolan güni gyş möwsüminiň ortalaryna gabat gelýär. Ýyl hasaby boýunça gyş pasly Demirgazyk ýarymşarynda dekabr, ýanwar, fewral, Günorta ýarymşarynda bolsa iýun, iýul, awgust aýlaryny öz içine alýar. Ata-babalarymyz milli senenamamyzda gyş paslyny dört bölege bölüpdirler. 22-nji noýabrda garagyşyň başlanýandygy, 7-nji dekabrda bolsa, uly çilläniň başlanýandygy hasaba alnypdyr. Uly çille 17-nji ýanwara çenli aralygy öz içine alýar. Ondan soňra kiçi çille başlanyp, ol 7-nji fewrala çenli dowam edýär. Bu döwürden 22-nji fewrala çenli aralyga ahyrky garagyş diýilýär.

Agaç kökünden köpri

Bu köpriniň hiç hili demir bölekleri we beton diregleri ýok. Ol diňe agaçdan durýan bolsa-da, ony gurmak üçin asla agaç çapylmady. Onuň syry agaçlaryň kökleriniň, biri-biri bilen berk baglanyşyklylygyndadyr. Şol bir wagtyň özünde ösümlikleriň özleri ýaşamagyny dowam edýärler, kökleri ösýär we güýçlenýär. Bu bolsa, köpriniň wagtyň geçmegi bilen has-da berkemegine getirýär. Agaç köklerinden dörän dünýä belli janly köprüler Hindistanyň gündogarynda, Meghalaýa ştatynda ýerleşýär. Gadymy döwürlerden bäri Khasi halkynyň taýpalary bu ýerde ýaşapdyrlar, nesilden-nesle geçirip, agaç köklerinden janly köpri döretmek sungatyny gorap saklapdyrlar. Taryhy ýazgylarda 1844-nji ýylda ýewropaly syýahatçy Geni Ýuluň kökden dörän köprüleri gören ilkinji adamdygy baradaky maglumatlar bar. Emma Khasilerde köpri gurmak däbiniň ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe ýyl bäri bardygyna şübhe ýok. Bu ýerde bir we iki hatarly köprüler giňden ýaýrandyr. Şunuň ýaly desga, Khasi obasynyň golaýynda ýerleşýän Paýnersla atly kiçijik janly köprüdir. Şeýle köprüler hemişe gök öwüsýär.

Makaronmy ýa-da gül?

Ekzotikanyň ýokary bezeg häsiýetlerini adaty bolmadyk ýapraklary bilen üpjün edýän bu ösümlige Trahiandra diýilýär. Bu ösümlik ýapraklarynyň plastikligi bilen Afrikanyň endemik görnüşi hasaplanýar. Adatça Trahiandra höwesjeň gül ösdürip ýetişdirýänler tarapyndan köpeldilýär. Tebigatda bu ösümligiň 50-ä golaý görnüşi bar. Olaryň köpüsi pes, köpýyllyk gyrymsy agaçlar, muňa garamazdan, Trahiandranyň bir ýarym metr beýiklige ýetip bilýän görnüşleri-de bar. Trahiandranyň esasy aýratynlygy spiralda bükülýän adaty bolmadyk ýapraklarydyr. Spiral şekilli täsin ýapraklary ony gurak howadan goranmaga kömek edýär. Iň yssy howada bolsa, gaty we berk spirallara öwrülýärler.

Köýtendagyň täsinlikleri

Köýtendag dag gerişleriniň we derýa jülgeleriniň ekologik ulgamlarynyň toplumyny dikeltmek, gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik goruny hem-de sebitiň tebigatyny baýlaşdyrmak maksady bilen 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda Köýtendag döwlet goraghanasy döredildi. Onuň umumy meýdany 27139 gektara deňdir. Goraghananyň düzüminde Hojaýpil, Hojaburjybelent, Garlyk, Hojagarawul çäkli goraghanalary bar. Köýtendagda 60-a golaý ululy-kiçili gowaklar bolup, olardan 6-sy tebigy ýadygärlik hökmünde ykrar edilendir. «Haşymoýuk», «Gülşirin», «Aralyk», «Gapgotan», «Daşýürek» gowaklary özleriniň ylmy, gözellik, syýahatçylyk gymmatlyklary boýunça örän ähmiýetlidir. Bu gowaklar, esasan, ýeriň aşaky gatlaklaryndaky ýumşak jynslaryň suwda eremegi sebäpli boşluklaryň döremegi netijesinde millionlarça ýyllaryň dowamynda döräpdir. Olaryň ählisi Garlyk obasynyň gündogarynda Köýtendag gerşiniň demirgazyk eňňidinde ýerleşýär.

Gulan

Gulanlaryň bedeniniň uzynlygy 206-240 santimetr, agramy 200-350 kilograma çenli bolýar. Ýaşaýan ýerleri: dykyz we çägesöw toprakly çöllükler we ýarym çöllükler, dag etekleriniň beýikli-pesli baýyrlyklarydyr. Dagyň uçut gaýaly ýerlerine barmagy halamaýarlar. Gulanlar dürli otjumak ösümliklerdir agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenýärler. Olar köplenç Bathyzda, Köpetdagda, Gaplaňgyrda, Sarygamyş çöketliginde duşýarlar. Amatsyz şertler dörände, başga ýerlere süri bolup göçüp gidýärler, köpelýän döwürlerinde, ýagny, tomusda suwa golaý ýerlerde ýaşaýarlar. Gulan alymlaryň geçiren barlaglary boýunça «Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş» diýlip bellenilendigi sebäpli Tebigaty goramagyň Halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, şeýle hem ýitip ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky konwensiýasynyň sanawyna girizilendir.

Gyzykly maglumatlar

Ýaponiýada ýetişdirilen gara garpyzyň bahasy 6300 amerikan dollaryna barabar boldy. * * *

Guguň çigildemi

Örän owadan bu gülli ösümligiň dünýäde, takmynan, 100, Türkmenistanda 16 görnüşi duş gelýär. Bu gül Diýarymyzda Günorta-Günbatar Köpetdagda, Merkezi Köpetdagda, Sünt — Hasar daglarynda duşýan endemik hasaplanylýar. Guguň çigildemi — sowsanlar maşgalasynyň çigildemler urugynyň boýy 15-45 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekilidir. Toprakdaky soganlygy süýrümtik ýumurtga şekilli, ýokarsy gysylan, uzynlygy 48-60 millimetr, ini 32-40 millimetrdir. Soganlygynyň gabygy goňur reňkli, perdeli, içi örän gür çal ýa-da agymtyl-çal ak keçe ýaly tüýjagazlar bilen örtülendir. Baldagy güli bilen bilelikde uzynlygy 15-45 santimetr, 4-6 ýaprakly, tas ýalaňaç ýa-da gysga tüýlüjedir.

Ekologiýa abadançylygy — adamzadyň baky bagtyýarlygy

Tebigaty goramak, onuň her daban ýerine aýawly çemeleşmek adamzadyň borjudyr. Adamzat tebigat bilen ylalaşykly ýaşamagy öňünde ýörelge edinip, bu ugurda derwaýys işleri amal etmeli. Tebigat — biziň ýaşaýan öýümiz. Arassa howany, ene topragy sarpalamak her birimiziň hakydamyzda ýaşaýar. Türkmen tebigaty Hak tarapyn ýalkawly mekan. Güneşli Diýarymyzyň uly rowaçlyga beslenýän döwlet syýasatynda ekologiýa abadançylygyny dabaralandyrmaga gönükdirilýän işleriň özeninde hem şeýle ýalkawlylykdan ruhlanmak bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda geljegi nazarlaýan oňyn ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Bu ugurda ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmaga, ýaş nesillerde tebigata söýgini terbiýelemäge gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalar ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüşiň esasy guralydyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap ed

Tebigat — biziň öýümiz

Ekologiýa kanunçylygy kämilleşýär Türkmenistan döwletimiz tebigy gözelliklere örän baýdyr. Tebigatyň bu gözelligini gözüň bilen görmek, ýüregiň bilen duýmak gerek. Diňe şonda türkmen topragyndaky gözellige hakyky baha berip we onuň nähilidigine akyl ýetirip bolar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Uly çille

Bu ýyl gyş pasly senenama hasabynda gelene meňzedi. Gyşyň öňi hasaplanýan garagyş döwründe sowuk günleriň indi uzakda däldigini birnäçe tebigy hadysalar duýdurdy. Şol duýduryşlardan görnüşi ýaly, garagyşyň başy maýyl gelse-de, onuň soňy aýazly, garly howa ýazdy. Demirgazykdan aralaşan çygly sowuk akym, ilki bilen, Daşoguz welaýatyny, soňlugy bilen beýleki welaýatlary-da gurşap aldy. Netijede, garagyş öz borjuny kemsiz ýerine ýetirip, ornuny uly çillä berýär. «Çille» «kyrk» diýen manyny berýär. Adyndan belli bolşy ýaly, bu möwsüm gyşyň gazaply 40 gününi öz içine alýar. Onuň yz ýanyndan gelýän, 17-nji ýanwardan başlanýan kiçi çille bolsa, eger-de uly çille gazabyna tutan bolsa, «Uly doganym zäherini döküpdir, şol besdir» diýip maýyllyk bilen geçýär. Emma ata-babalarymyz «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýmek bilen, gyş tä öz ornuny nowruza berýänçä, ätiýajy elden bermändirler. «Ýylyň ýyldan parhy köp» diýlişi ýaly, hemme gyşyň gelşi hem çykyşy birmeňzeş bolmaýar. Köpigören gojalarymyzyň aýtmaklaryna görä, gyş üç hili bolarmyş. Bir gyş bardyr, ir geler, giç çykar. Ol güýzüň soňuny, ýazyň öňüni awlar-da, uzak dowam eder. Ikinji bir gyş bardyr, ol wagtynda geler, wagtynda hem çykar. Ol çarwa üçin-de, daýhan üçin-de a