Gulan

14 Dekabr 2022
1272

Gulanlaryň bedeniniň uzynlygy 206-240 santimetr, agramy 200-350 kilograma çenli bolýar. Ýaşaýan ýerleri: dykyz we çägesöw toprakly çöllükler we ýarym çöllükler, dag etekleriniň beýikli-pesli baýyrlyklarydyr. Dagyň uçut gaýaly ýerlerine barmagy halamaýarlar. Gulanlar dürli otjumak ösümliklerdir agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenýärler. Olar köplenç Bathyzda, Köpetdagda, Gaplaňgyrda, Sarygamyş çöketliginde duşýarlar. Amatsyz şertler dörände, başga ýerlere süri bolup göçüp gidýärler, köpelýän döwürlerinde, ýagny, tomusda suwa golaý ýerlerde ýaşaýarlar. Gulan alymlaryň geçiren barlaglary boýunça «Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş» diýlip bellenilendigi sebäpli Tebigaty goramagyň Halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, şeýle hem ýitip ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky konwensiýasynyň sanawyna girizilendir.

Beýleki habarlar