Gyş pasly

20 Dekabr 2022
964

Güýz paslyny yzda goýup, täze ýazlara ýakynlaşdyrýan gyş pasly dowam edýär. Planeter togalagynyň astronomiki gyşy bu pasyldaky Günüň günortan beýikliginiň üýtgemän galýan wagtyndan başlap, bahardaky gündiz bilen gijäniň birmeňzeş uzynlygyna çenli dowam edýär. Bu wagt Demirgazyk ýarymşarynda 22-nji dekabrdan 21-nji marta, Günorta ýarymşarynda bolsa, 22-nji iýundan 21-nji sentýabra çenli aralyga gabat gelýär. Dürli ýyllarda Ýer ýüzünde bu astronomiki pursatlar dürli wagtlara (görkezilen günüň içinde) gabat gelýär. Astronomiki taýdan ýylyň Gün ýagtylygynyň iň az sagady bolan güni gyş möwsüminiň ortalaryna gabat gelýär. Ýyl hasaby boýunça gyş pasly Demirgazyk ýarymşarynda dekabr, ýanwar, fewral, Günorta ýarymşarynda bolsa iýun, iýul, awgust aýlaryny öz içine alýar.

Ata-babalarymyz milli senenamamyzda gyş paslyny dört bölege bölüpdirler. 22-nji noýabrda garagyşyň başlanýandygy, 7-nji dekabrda bolsa, uly çilläniň başlanýandygy hasaba alnypdyr. Uly çille 17-nji ýanwara çenli aralygy öz içine alýar. Ondan soňra kiçi çille başlanyp, ol 7-nji fewrala çenli dowam edýär. Bu döwürden 22-nji fewrala çenli aralyga ahyrky garagyş diýilýär.

Merjen BAÝRAMGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar