Agaç kökünden köpri

20 Dekabr 2022
1093

Bu köpriniň hiç hili demir bölekleri we beton diregleri ýok. Ol diňe agaçdan durýan bolsa-da, ony gurmak üçin asla agaç çapylmady.

Onuň syry agaçlaryň kökleriniň, biri-biri bilen berk baglanyşyklylygyndadyr. Şol bir wagtyň özünde ösümlikleriň özleri ýaşamagyny dowam edýärler, kökleri ösýär we güýçlenýär. Bu bolsa, köpriniň wagtyň geçmegi bilen has-da berkemegine getirýär. Agaç köklerinden dörän dünýä belli janly köprüler Hindistanyň gündogarynda, Meghalaýa ştatynda ýerleşýär. Gadymy döwürlerden bäri Khasi halkynyň taýpalary bu ýerde ýaşapdyrlar, nesilden-nesle geçirip, agaç köklerinden janly köpri döretmek sungatyny gorap saklapdyrlar. Taryhy ýazgylarda 1844-nji ýylda ýewropaly syýahatçy Geni Ýuluň kökden dörän köprüleri gören ilkinji adamdygy baradaky maglumatlar bar. Emma Khasilerde köpri gurmak däbiniň ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe ýyl bäri bardygyna şübhe ýok. Bu ýerde bir we iki hatarly köprüler giňden ýaýrandyr. Şunuň ýaly desga, Khasi obasynyň golaýynda ýerleşýän Paýnersla atly kiçijik janly köprüdir. Şeýle köprüler hemişe gök öwüsýär.

Bahar GAZAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar