Kunsit — gülgüne göwher

23 Dekabr 2022
927

Kunsit juda täsin mineral bolup, bary-ýogy ýüz ýyl mundan öň, ýagny XX asyryň başynda dünýä meşhur bolýar. Mineral kaliforniýaly gözlegçiler tarapyndan tapylýar we ilki «ametist» diýlip ýalňyş kabul edilýär (käwagt oňa henizem spodumen-ametist diýilýär). Bu daşy kaliforniýaly ataly-ogul tapýar. Olar bu mineraly özbaşdak kesgitläp bilmeýärler we öwrenmek üçin gemmologa geçirýärler. Meşhur amerikan gemmology Jorj Kuns daşyň hakyky tebigatyny kesgitleýär we ilkinji gezek açyş edeniň hatyrasyna, bu daş «kunsit» diýlip atlandyrylýar. Şondan bäri kunsit owadanlygy bilen gymmat bahaly daşlaryň arasynda uly meşhurlyk gazanyp gelýär.

Bu daşyň şeýle meşhurlyk gazanmagyna amerikanyň zergärçilik sungaty sebäp bolýar. 1900-nji ýyllarda gemmolog J.Kuns geň-enaýy daşlaryň gözleginde bolan Tiffany zergärçilik kärhanasynda işleýär. Elbetde, geň, täsin we owadan kunsit ony görenlerde dessine gyzyklanma döredýär. Tiffany kärhanasy täze daşy mahabatlandyryp, ondan şaý-sep bezeglerini öndürip başlaýar. Häzirki wagta çenli bu mineral ABŞ-da we Ýewropada uly meşhurlyga eýe bolup, ol «gülgüne göwher» diýlip hem tanalýar.

Taýýarlan Merjen ATAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar