"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Gowaçadan ýokary hasyl almagyň usullary

Ekişi geçirip, gögeriş alnandan soň, gowaçalary aýny wagtynda ýekeläp, her gektaryň gürlügine üns bermelidir. Gögeriş alnansoň, her gektardan 35 — 40 sentner pagta hasylyny almak üçin gowaçalaryň gürlügi, her düýpdäki gozanyň sany, onuň pagtasynyň agramy, agrotehniki çäreleriň hili alynmaly hasylyň mukdaryny kesgitleýän görkezijilerdir. Gurply toprakly ýerlere ekilen gowaçalaryň arasy açygrak, arrygrak ýerlere ekilenleriň bolsa, arasynyň golaýrak bolmagy zerurdyr. Ýekelenip bolnan gowaçanyň «Ýolöten — 14» sortunyň her gektardaky gürlügi 90 — 100 müň düýp töwereginde bolmalydyr. Örän möhüm işleriň biri hem topragyň hatarara bejergisini wagtynda geçirmekdir.

Utgaşykly hatarara bejergisi

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 162 müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan oňat gögeriş, bol hasyl almagy maksat edinýän Mary welaýatynda gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ýaşajyk ösümlikler eýýäm hatar tutup ugrady. Pagtaçylyk bilen baglanyşykly her bir işi agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirip, bol hasyl almakda görelde bolýan Tagtabazar etrabynyň pagtaçylary ilkinji hatarara bejergisini hem otag bilen utgaşdyryp, dowam etdirip başladylar. Şu ýyl 5 müň 300 gektar meýdana gowaçanyň etrabyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly, orta süýümli «Ýolöten-7», «Ýolöten-39» sortlary ekildi. Şondan 12 müň 700 tonna gowaça hasylyny almak maksat edinilýär. Etrapda ekiş möwsüminde her günde 180 gektardan gowrak meýdanda ekiş geçirildi. Şu günler ilkinji hatarara bejergisinde işleýän mehanizatorlar günde onlarça gektar ekin meýdanynda bu möhüm agrotehniki çäräni ýokary hilli amala aşyrýarlar. Ýaz ekişinde we gowaçalaryň ilkinji hatarara bejergisinde peýdalanylýan traktorlaryň köpýyllyk iş tejribeleri bolan, öz işine ussat mehanizatorlara berkidilmegi bolsa, işleriň diňe bir öndürijiliginiň däl, eýsem, hil derejesiniň hem has ýokary bolmagyna itergi berýär.

Öň hatarda bolmak hyjuwy

Lebap welaýatynyň dowardarlary ene mallardan owlak-guzy almak möwsümini üstünlikli tamamladylar. Şu ýylyň geçen döwründe maldarçylyk hojalyklarynyň ähli görnüşleri boýunça owlak-guzularyň 1 million 276 müňden gowragy alyndy. Olaryň 74 müňden gowrak başy oba hojalyk kärhanalaryna degişlidir. Bu bolsa ýylyň başyna bar bolan ene mallaryň 98 göterimden gowragyndan owlak-guzy alnandygyny habar berýär. Maldarçylyk önümlerini öndürmekde Saýat etrabynyň maldarlary öňdeligi eýeleýärler. Etrapda häzirki wagtda gara mallaryň 115 müňden gowragy, dowarlaryň 486 müňden gowragy, guşlaryň 823 müňden gowragy bolup, olardan geçen döwürde etiň 7 müň tonnadan gowragy, süýdüň 24,1 müň tonna golaýy, ýumurtganyň bolsa 11 milliondan gowragy öndürildi. Munuň özi welaýatymyzda iň ýokary görkezijileriň biridir.

Borçnama üstünlikli ýerine ýetirildi

Maldarçylyk önümleriniň bolçulygyny döretmek we önümleriň hilini ýokarlandyryp, halkyň bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda Balkan welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlary hem netijeli işleri alyp barýarlar. Welaýatyň Gyzylarbat etrabyndaky «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň janypkeş maldarlary dowarlardan we düýelerden alynýan önümleriň ýokary hilli bolmagyny gazanýarlar. Maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary owlak-guzy, düýelerden köşek almak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Has takygy, maldarçylyk hojalygynda bar bolan 17 müň 621 baş ene goýundan 16 müň 615 baş owlak-guzy we 1 müň 195 düýeden 538 baş köşek alnyp, şertnamalaýyn borçnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Şu günler maldarçylyk hojalygynyň janypkeş dowardarlary gazanylan üstünlikleri berkitmek bilen, owlak-guzulara, köşeklere ýokary derejede ideg edip, mallaryň baş sanyny abat saklamak ugrunda tutanýerli işleri alyp barýarlar. Gazanylýan üstünlikler bolsa, maldarçylyk hojalygynyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we çopanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna getirýär.

Oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­ne my­na­syp gol­daw

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda obasenagat toplumyny ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hasabyna ösdürmek, içerki bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmek we obasenagat toplumynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça oňyn işler amala aşyrylýar. Bu babatda ýurdumyzda bugdaý, pagta hasylyny we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Ylaýta-da dünýäniň iň ösen, kämil tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň satyn alynmagy, kärendeçilerimiziň suw, ýeri gurplandyryjy mineral dökünler hem-de zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, olara ýeňillikli bank karzlarynyň berilmegi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijileri galkyndyrmak barada edýän bimöçber aladalarynyň aýdyň mysalydyr. Oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde her ýyl ýurdumyzda uly üstünlikler we yzygiderli ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan ba

Ýedi hojalygyň ýüpekçileri pellehanada

Welaýatymyzda ýüpek gurçugyndan iň köp pile öndürýän Çärjew etrabynyň ýüpekçileri pellehana golaýlap gelýärler. Ýakynda biz ertrabyň 4-nji pile kabul ediş we guradyş bölüminde bolup, öňdebaryjy ýüpekçileriň armasyny ýetirdik. Olaryň onlarçasyny gazanan zähmet ýeňişleri bilen gutlap, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar bilen sylagladyk. Etrabymyzyň edermen ýüpekçileri her ýylda hem ýüpek gurçuklaryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edip, bol pile ýygnamagy başarýarlar. Şu ýyl tejribeli ýüpekçileriň müňlerçesi bu möhüm iş bilen meşgullanýar.

Ýüpekçilik — 2024

Bereketli pile ýetişdirýärler Şu günler ýüpekçi kärendeçiler jogapkärli möwsümi başdan geçirýärler. Olar gysga wagt dowam edýän emma hysyrdyly bolan ýüpek gurçugynyň idegini ýetirýärler. Ýüpekçiler bol pile hasylyny almak üçin bu möwsüme öňünden doly taýýarlykly gelýärler.

Jogapkärli möwsüm dowam edýär

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Wekilbazar etrabynda hem ýüpek gurçuklaryny idetmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda etrabyň pileçi kärendeçileri ýüpek gurçuklaryna edilýän ideg işlerini ýokary guramaçylykly ýola goýdular. Şu ýyl pileçiler etrapda 19 müň 247 gram, ýagny 1043 ýüpek gurçugyny alyp, meýilnama boýunça 37 tonna pile tabşyrmagy maksat edinýär. Bu gün ýüpek gurçugyndan piläniň bol hasylyny almak ugrunda edilýän aladalar, döredilýän mümkinçilikler edermen pileçi kärendeçileriň ruhuny belende göterýär. Işlemek üçin ähli şertler döredilen bu ajaýyp döwürde uludan toýlanjak Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylap, döwlet harmanyna ýüpek gurçugyndan bol pile hasylyny tabşyrmak her bir kärendeçiniň esasy maksady bolup durýar.

Köýtendagyň ak pilesi

Döwlet Baştutanymyzyň Köýtendag etrabyna Şa gadamynyň düşmegi sebitde alnyp barylýan ähli işlere täze itergi berdi. Etrabyň ýüpekçileri hem şundan ruhlanyp zähmet çekdiler. Netijede, olar ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda ak piläniň ilkinji tonnalaryny Watanyň pile çäjine goşup başladylar. Şu ýyl ýüpek gurçugyny idetmek işine tejribesi ýetik ýüpekçileriň 1247-si gatnaşdy. Geçirilen düşündiriş işleri bol hasylyň kemala gelmegini üpjün etdi. Şöhrat Penjiýew, Kunduz Narkulowa ýaly agrotehnikleriň ýüpekçilere yzygiderli maslahaty öz gowy netijesini berdi. Şunlukda, etrabyň Garahowuz obasyndan Döwletaý Söýünowa 20 gram ýüpek gurçugyny idedip, 61 kilogram, Garnas geňeşliginden Agiz Temirow 50 gram gurçukdan 116 kilogram ýokary hilli ak piläni gapandan geçirdiler. Möwsümiň bütin dowamynda ýüpekçiler uly alada bilen gurşaldy. Olara hemişe kömek-goldaw berlip duruldy. Uzakda ýerleşen tutlary kesmek we öýlere getirilmegini üpjün etmek üçin ýüpekçilere degişli ulaglar berkidildi. Zerur halatynda adam güýji hem gönükdirildi. Bu işlerde etrabyň ýüpekçilik boýunça agrotehnikleri has-da yhlaslylyk görkezdiler. Olar her ýüpekçiniň öýüne baryp, gurçuklaryň idedilişi bilen tanşyp, kömegini gaýgyrmadylar. Etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň iş

Yhlasly zähmet çekýärler

Ahal welaýatynyň zähmetkeşleri ýüpek gurçugyny idetmäge jogapkärli çemeleşýärler. Welaýatara «Ýüpek» önümçilik birleşigi tarapyndan ýüpekçi kärendeçilere paýlanan 4244 guty gurçugyň ideg işleri ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde saklanýar. Şu günler ýüpekçilikdäki möhüm möwsümiň guramaçylykly alnyp barylmagynda öňünden görlen taýýarlygyň ähmiýeti uludyr. Möwsümiň öňüsyrasynda ýüpekçi kärendeçileriň sanynyň kesgitlenmegi, olar bilen şertnamalaryň baglaşylmagy, ýörite hünärmenleriň ýerlerde bolup, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlarynda döredilen şertler bilen tanyşmagy, pileçilere degerli maslahatlaryň berilmegi, şeýle-de tohumyň ýokary hilli janlandyrylyp, ýüpekçilere paýlanylmagy bu jogapkärli işde uly ähmiýete eýe boldy.

Ýerleri kärendesine bermegiň tertibi

Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy il-ýurt bähbitli, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi bilen ösdürilýär. Türkmenistanda kärende gatnaşyklarynyň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýän hem-de kärende hyzmatlarynyň bazarynyň ösdürilmegine gönükdirilen kanunçylyk namalarynda hem muny aýdyň görmek bolýar. Ýerden peýdalanmak, kärendesine bermek hukuklary bilen baglanyşykly gatnaşyklar Türkmenistanyň Ýer kodeksi, şeýle hem «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki kanunçylyk namalary bilen kadalaşdyrylýar.

500 tonna pile ugrunda

Ýüpek gurçuklary kadaly idedilýär Şu ýyl welaýatymyzda ýokary hilli piläniň bol hasylyny kemala getirmek hem-de Watan harmanyna goşmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, Boldumsaz etrabynyň ýüpekçileri häzirki günlerde ýüpek gurçuklaryny idetmek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Olar möwsümde jemi 1943 guty ýüpek gurçuklaryna ideg etmek bilen, ondan 71 tonna oňat hilli pile öndürmegi maksat ednýärler. Kadaly iýmitlendirilýän, bellenen şertlerde saklanylýan gurçuklar günsaýyn ösýär. Olara hyzmat etmekde tejribeli ýüpekçileriň köp sanlysynyň görelde görkezýändiklerini nygtamak gerek. Ýüpek gurçuklaryny idetmekde etrabyň «Gökçäge», «Bereket», «27-nji oktýabr», «Türkmenistan» daýhan birleşiklerinde işleriň has-da göwnejaý guralýandygyny bellemek bolar.

Bagdan bereket tapanlar

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça asylly işleri durmuşa geçirmekde, ilkinji nobatda, tejribeli bagbanlara uly ynam bildirilýär. Hysyrdyly we irginsiz zähmeti talap edýän bagbançylyk işi hemme kişä başardyp hem barmaýar. Şonuň üçin mekdepde biologiýa dersinden sapak berýän, bagbançylyk işinden oňat baş çykarýan Döwrangeldi Döwletowy daýhan birleşiginiň baş bagbanlygyna bellediler. «Bagy-da, bagbanlar toparyny-da özüň döret» diýip, oňa 50 gektar ýer bölüp berdiler. Şeýlelikde, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda obamyzda başy başlanan bu sogaply işi dowam etdirmäge höwesli adamlar soňlugy bilen has-da köpeldi. Döwrangeldiniň yhlasy ýerine düşdi. Bag ekmäge höwesekleriň arasynda körpe ogly Ýalkabyň-da bolmagy ony hem begendirdi, hem oýlandyrdy. Şonda ol, bir tarapdan, öz ýolunyň dowam etdiriljekdigine begense, ikinji tarapdan, oňa bu ugurdan ähli bilýän zatlaryny öwredip başlady. Her gezek beýleki bagbanlar maslahat sorap gelenlerinde, ol Ýalkaby-da çagyryp, öz tejribesine daýanyp olara maslahat bererdi. Şonda baş bagbanyň esasy daýanjy bagçylyk baradaky ylmy gollanma bolupdy. Şeýle kitaplaryň köpüsini ýygnan Döwletgeldi bagban bagbançylygyň inçe syrlaryny öwrenmekleri üçin kitaplary beýlekilere-de berip, olaryň hem tejribesiniň artmagyna goşant goşdy.

Möwsümiň öňdebaryjylary

Bir etrapdan iki habar

Galla oragyna taýýarlykKöneürgenç etrabynda şu ýylyň galla oragyna gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny, galla kabul ediş nokatlaryny taýýarlamakda derwaýys çäreler gyzgalaňly alnyp barylýar. Öňde duran möwsümde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň dürli kysymly kombaýnlarynyň 35-siniň güýjünden peýdalanmak bellenilip, şu günlerde olara zerur tehniki hyzmatlar edilýär. Bu işlerde kärhananyň tejribeli ussalaryndan Myrat Taganow, Maksat Ýomutbaýew, Ýagşygeldi Begjanow we beýlekiler has-da tapawutlanyp zähmet çekýärler. Mundan başga-da, etrapda ýygnalan hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamakda etrap awtoulag kärhanasyna, beýleki edara-kärhanalara, şahsy hojalyklara degişli ýük awtoulaglarynyň 180-e golaýyny ulanmak meýilleşdirilip, olar bilen degişli şertnamalar baglaşylýar. * * *

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Irki ekiş — kärendeçä utuş Bahar pasly ene toprak bilen iş salyşýan oba hojalykçylar üçin aýgytlaýjy möwsüm, iň jogapkärli döwür hasaplanýar. Bu pasylda edermen daýhanlar ýagşy umytlara, ruhubelentlige dolup, täze hasylyň aladasyna gurşalýar.

Gowaçanyň idegi ýetirilýär

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 6 müň 500 gektar meýdanda ýokary hilli gowaça ekişini geçirip, şondan bol hasyl almagy maksat edinýän Gökdepe etrabynyň “ak altyn” ussatlary ekiniň idegine jogapkärli çemeleşýärler. Irki gowaça ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş gazanyldy. Şu günler gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Bu işde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Ekinlere şu günki idegiň geljekki bol hasylyň girewidigine oňat düşünýän pagtaçy daýhanlar ideg işleriniň her birine yhlasly ýapyşýarlar.

Ýazky möwsümdäki sazlaşykly işler

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň sähra ýaly giň göwünli, halal zähmete berlen ýaşaýjylary oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde, olardan bol hasyl almakda, maldarçylygy ösdürmekde köplere görelde bolýar. Etrabyň gallaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin geçen ýylyň güýzünde 21 müň 200 gektar meýdana tohum sepdiler. Şonuň 4 müň 390 gektary Üçdepe ýaýlasynda ekildi. Ekiş geçirilen meýdanlarda doly gögeriş alan gallaçylar şu ýyl etrap boýunça 44 müň 400 tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler. Häzirki wagtda daýhanlar ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda göwnejaý ideg edip, suw tutmak, dökün bermek ýaly gaýragoýulmasyz işleri geçirýärler. Ekinlere dökün bermekde etrap boýunça döwrebap tehnikalaryň 18-siniň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. «Garagum kanaly», «Baýramaly» daýhan birleşikleriniň gallaçylary bolsa bu işde has-da tapawutlanýarlar. Netijede, etrapda bugdaýly meýdanlar bereketli hasyl toplaýar.

Netijeli ideg — bol hasylyň şerti

Ýüpekçi alymlaryň dürli döwürlerde geçiren ylmy barlaglarynyň netijelerinden hem-de önümçilikden mälim bolşy ýaly, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlarynyň taýýarlanylyşy, arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişi ýokary hilli pile almakda zerur şertleriň hatarynda durýar. Ýokary önümli tohumdan bolan ýüpek gurçuklary göwnejaý idegi talap edýär. Şundan ozal, gurçukhanalar üçin diňe düýpli gurlan ýyly jaýlary saýlap alyp, gurçuk idetmek babatda enjamlaşdyrylan zerur ýylylyk we çyglylyk şertlerini döretmek mümkinçiliginden ugur almak gerek. Biologik gurluş aýratynlyklaryna baglylykda, ýüpek gurçuklary her ýaşynyň aralygynda daşky beden örtügini çalyşýarlar. Bu bolsa olaryň ýaşyny kesgitlemekde ähmiýetlidir. Gurçuklar ilkinji üç ýaşynda uly bolmadyk meýdany eýeleýärler hem-de ýapragy az iýýärler. Uly ýaşly gurçuklara garanyňda, olara has ýokary derejede ýylylyk gerek bolýar. Şonuň üçin-de, kiçi ýaşly gurçuklar ýyladylýan jaýlarda iýmitlendirilýär. Kadasyz şertler kiçi ýaşly gurçuklaryň ösmegine ýaramaz täsir edip, olaryň ýaşamaga ukyplylygyny peseldýär. Gowy iýmitlendirmek bolsa bu döwrüň dowamlylygyny azaldyp, olaryň ukyplylygyny artdyrýar, pile saramaklaryna, piläniň agramynyň kada laýyk bolmagyna oňaýly täsirini ý

Ýüpekçilik düşewüntli pudak

Jogapkärli möwsüm Babadaýhan etrabynyň ýüpekçileri ýüpek gurçugyny idetmek möwsümini üstünlikli alyp barýarlar. Şanly ýylymyzda etrabyň ýüpekçileri 547 guty gurçuk tohumyndan 20 müň kilogram oňat hilli pile almagy maksat edinýärler.