Gowaçadan ýokary hasyl almagyň usullary

7 Maý 2024
561

Ekişi geçirip, gögeriş alnandan soň, gowaçalary aýny wagtynda ýekeläp, her gektaryň gürlügine üns bermelidir. Gögeriş alnansoň, her gektardan 35 — 40 sentner pagta hasylyny almak üçin gowaçalaryň gürlügi, her düýpdäki gozanyň sany, onuň pagtasynyň agramy, agrotehniki çäreleriň hili alynmaly hasylyň mukdaryny kesgitleýän görkezijilerdir.

Gurply toprakly ýerlere ekilen gowaçalaryň arasy açygrak, arrygrak ýerlere ekilenleriň bolsa, arasynyň golaýrak bolmagy zerurdyr. Ýekelenip bolnan gowaçanyň «Ýolöten — 14» sortunyň her gektardaky gürlügi 90 — 100 müň düýp töwereginde bolmalydyr. Örän möhüm işleriň biri hem topragyň hatarara bejergisini wagtynda geçirmekdir.

Maýa ATADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar