Bir etrapdan iki habar

1 Maý 2024
545

Galla oragyna taýýarlyk
Köneürgenç etrabynda şu ýylyň galla oragyna gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny, galla kabul ediş nokatlaryny taýýarlamakda derwaýys çäreler gyzgalaňly alnyp barylýar. Öňde duran möwsümde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň dürli kysymly kombaýnlarynyň 35-siniň güýjünden peýdalanmak bellenilip, şu günlerde olara zerur tehniki hyzmatlar edilýär. Bu işlerde kärhananyň tejribeli ussalaryndan Myrat Taganow, Maksat Ýomutbaýew, Ýagşygeldi Begjanow we beýlekiler has-da tapawutlanyp zähmet çekýärler.
Mundan başga-da, etrapda ýygnalan hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamakda etrap awtoulag kärhanasyna, beýleki edara-kärhanalara, şahsy hojalyklara degişli ýük awtoulaglarynyň 180-e golaýyny ulanmak meýilleşdirilip, olar bilen degişli şertnamalar baglaşylýar.

* * *

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar