Yhlasly zähmet çekýärler

3 Maý 2024
536

Ahal welaýatynyň zähmetkeşleri ýüpek gurçugyny idetmäge jogapkärli çemeleşýärler. Welaýatara «Ýüpek» önümçilik birleşigi tarapyndan ýüpekçi kärendeçilere paýlanan 4244 guty gurçugyň ideg işleri ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde saklanýar.

Şu günler ýüpekçilikdäki möhüm möwsümiň guramaçylykly alnyp barylmagynda öňünden görlen taýýarlygyň ähmiýeti uludyr. Möwsümiň öňüsyrasynda ýüpekçi kärendeçileriň sanynyň kesgitlenmegi, olar bilen şertnamalaryň baglaşylmagy, ýörite hünärmenleriň ýerlerde bolup, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlarynda döredilen şertler bilen tanyşmagy, pileçilere degerli maslahatlaryň berilmegi, şeýle-de tohumyň ýokary hilli janlandyrylyp, ýüpekçilere paýlanylmagy bu jogapkärli işde uly ähmiýete eýe boldy.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar