Borçnama üstünlikli ýerine ýetirildi

7 Maý 2024
522

Maldarçylyk önümleriniň bolçulygyny döretmek we önümleriň hilini ýokarlandyryp, halkyň bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda Balkan welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlary hem netijeli işleri alyp barýarlar. Welaýatyň Gyzylarbat etrabyndaky «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň janypkeş maldarlary dowarlardan we düýelerden alynýan önümleriň ýokary hilli bolmagyny gazanýarlar. Maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary owlak-guzy, düýelerden köşek almak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Has takygy, maldarçylyk hojalygynda bar bolan 17 müň 621 baş ene goýundan 16 müň 615 baş owlak-guzy we 1 müň 195 düýeden 538 baş köşek alnyp, şertnamalaýyn borçnama üstünlikli ýerine ýetirildi.

Şu günler maldarçylyk hojalygynyň janypkeş dowardarlary gazanylan üstünlikleri berkitmek bilen, owlak-guzulara, köşeklere ýokary derejede ideg edip, mallaryň baş sanyny abat saklamak ugrunda tutanýerli işleri alyp barýarlar. Gazanylýan üstünlikler bolsa, maldarçylyk hojalygynyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we çopanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna getirýär.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar