"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Gal­lam bar — tyl­lam bar

Şu gün­ler ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de köp­çü­lik­le­ýin gal­la ora­gy­na gi­ri­şil­di. Gal­la ora­gy­na gat­naş­ýan oba ho­ja­lyk ulag­la­ry­ny il­kin­ji ze­rur bo­lan ýan­gyn sön­dü­riş se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edip, ola­ryň tüs­se çy­kar­ýan ab­zal­la­ry­ny uç­gun sön­dü­riş en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryp, ýan­gyn howp­ly çäk­le­re gi­ren­le­rin­de tüs­se çy­ka­ra da­kyl­ma­ly. Uç­gun sön­dü­riş en­jam­la­ry öz wag­tyn­da gu­rum­lar­dan aras­sa­la­nyp du­rul­ma­ly. Gal­la ora­gy­na gat­naş­ýan teh­ni­ka­la­ryň du­ral­ga ýe­ri­ni, teh­ni­ki hyz­mat et­mek, ýan­gyç guý­mak ýa-da keb­şir­le­ýiş en­jam­la­ryn­dan peý­da­lan­mak işi­ni ha­syl­ly meý­dan­dan 100 metr ara­daş­lyk­da ýer­leş­di­rip, şol ýer­le­riň daş-tö­we­re­gi sü­rül­me­li.

Gallaçylaryň armaçylary

Welaýatymyzyň ak bugdaýly meýdanlarynda galla oragy depginli dowam edýär. Şu gyzgalaňly günlerde gallaçylaryň armasynyň ýetirilip durulmagy olaryň her birini zähmet üstünligine ruhlandyrýar. BÄHERDEN. Etrabyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde guralan medeni-dynç alyş dabarasy ruhubelentlige eýe boldy. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi tarapyndan gysga wagtlyk arakesme wagtynda guralan dabara gallaçy kärendeçiler, kombaýnçylar, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşaýjy awtoulag sürüjileri we bu işe dahylly beýleki zähmetkeşler gatnaşdy. Onda häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti barada gürrüň edilip, gallaçylara zähmet üstünlikleri arzuw edildi.

Belent sepgit eýelendi

Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri şanly ýyly uly zähmet üstünligine beslediler. Olar 1300 gektar meýdanda däne ýetişdirmek bilen, şol meýdanlardan ak bugdaýyň 2730 tonnasyna derek 2750 tonnadan gowrak hasyl taýýarlap, tabşyryga ilkinjileriň hatarynda hötde geldiler. Daýhan birleşiginiň zähmet üstünliginde Gülşirin Orazgeldiýewa, Annamuhammet Seýitgulyýew, Öwezmyrat Berdiýew, Kerim Aýdyýew ýaly kärendeçileriň mynasyp paýy bardyr. Olar özleriniň kärende ýerleriniň her gektaryndan 40-60 sentnere çenli hasyl almagy başardylar. Bu işde kombaýnlara ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň zähmeti öwgä mynasypdyr. Gallaçy daýhanlar meýdanlardan ýygnaljak hasylyň mukdaryny 3100 tonna ýetirip, zähmet üstünligini has-da berkitmegi maksat edinýärler.

Käşir — aralyk ekin

Ýurdumyzda käşir, esasan-da, ýaz we güýz aýlary ösdürilip ýetişdirilýär. Käşir ekmek üçin aralyk, ýeňil toprakly, organiki we mineral maddalara baý, haşal otlardan, zyýankeşlerden arassa toprak saýlanyp alynýar. Käşiri ekmek üçin toprak taýýarlananda, oňa degişli mukdardaky ders berlip, ýerler 30 — 35 santimetr sürülýär. Sürümden soň ýerleriň ýüzi dik-kese tekizlenip joýa çekilýär we tagt suwy berilýär. Tagt suwdan soň ýerler taba gelende dik-kese çizel borona geçirilýär we täzeden 70 santimetr aralygy bolan joýa çekilýär. Yzgarly ýere tohum ekseň tiz we endigan gögeriş berýär.

Galla oragyna girişildi

Halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerine esaslanyp, galla oragyna girişilmegi mynasybetli geçen anna gününde Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginde aýdym-sazly dabara guraldy. Oňa welaýatyň ähli künjeginden oba hojalyk ulgamynyň edara-kärhanalarynyň, medeniýet we sungat ugrunyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdy. Altyn başly bugdaý atyzynyň ýanynda türkmen ak öýleri gurnalyp, toý gazanlary ataryldy. Möhüm möwsümde ulanyljak kombaýnlaryň, tehnikalaryň, milli gymmatlyklarymyzyň sergisi, türkmen toýuna mahsus dabara, görkezme sport çykyşlary, beýleki tomaşalar guraldy. Bu möwsümi hemmetaraplaýyn taýýarlyk bilen garşylan babadaýhanlar şu ýyl welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaýyny ýetişdirip, 265 müň tonna hasyla garaşýandyklaryny aýdýarlar.

Belent sepgitlere ruhlandyrdy

Annaguly ANNAGULYÝEW,Gyzylarbat etrabynyň “Arkaç” daýhan birleşiginiň kärendeçisi: — Orak möwsüminiň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň galla oragynyň barşy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna iş sapary bilen gelmegi, onuň dowamynda ekiz taýym Aşyrguly ikimiz bilen söhbetdeş bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň alyp barýan işlerimiz, maşgala ýagdaýlarymyz bilen ýakyndan gyzyklanyp, orak möwsüminde uly üstünlikleri arzuw etdi. Biz parasatly döwlet Baştutanymyza doganym ikimiziň her birimiziň kärendesine alan ýerimiziň 105 gektara ýetýändigini, indi 30 ýyla golaý wagt bäri daýhançylyk bilen meşgullanýan kakamyz Atagulynyň kärende ýeriniň 200 gektara golaýlaýandygyny, Aşyrguly bilen ata kesbini mynasyp dowam etdirýändigimizi gürrüň berdik. Şol tolgundyryjy pursatlarda hormatly Prezidentimiz bize gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy. Munuň üçin begenjimiziň çägi ýok.

Türkmen topragynyň berekedi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 31-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň barşynda welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 7-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa, 14-nji iýunda galla oragyna hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başlamaga ak pata berdi. Şonuň bilen baglylykda, geçen hepdäniň anna güni welaýatymyzda galla oragyna dili senaly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý ruhunda girişildi. Baýramçylyk äheňinde bezelen esasy sahnada welaýatymyzyň medeniýet-sungat işgärleriniň, sahna ussatlarynyň joşgunly aýdym-saz, halk döredijilik çykyşlary giň gerime eýe boldy. Eşretli zamanamyzda daýhanlarymyzyň çekýän päk we halal zähmetiniň waspy çykyşlarda ýaýbaňlandyryldy. Sungat çykyşlaryndan göwni galkynan dabara gatnaşyjylar giň gözýetime uzap gidýän ak bugdaýly meýdanyň bir çetine ýygnandylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Balkan welaýatymyzyň Gyzylarbat etrabynyň «Batly gadam» daýhan hojalygynda ýaşulularyň «Bismillasy» bilen galla oragyna başlandy. Şol pursatda kuwwatly däne orujy kombaýnlar hem hatar gurap, altynbaşly bugdaýly meýdanlara girdiler. Şeýl

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

Şu ýyl türkmen gallaçylarynyň öňünde güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen jemi 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna, şol sanda Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda bolsa 80 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak wezipesi goýuldy. Demirgazyk sebitiň ekerançylary ekiş möwsüminiň dowamynda bugdaýyň welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler. 2024-nji ýylyň galla oragynda däne ýygyjy kombaýnlardan, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalardan peýdalanylar. Orak döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlar gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerurlyklar: ýangyç-çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Mehanizatorlar, sürüjiler, oraga gatnaşýan beýleki işgärler üçin zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirme işleri geçirildi. Meýdan düşelgelerinde olaryň talabalaýyk zähmet çekmekleri, dynç almaklary babatda zerur şertler döredildi. Medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda nokatlarynyň işi guraldy. Ýygnalyp alnan hasylyň kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara daşalmagyny ýük awtoulaglary üpjün eder. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýynda. Olaryň hünärmenleri iň täze enjamlaryň köme

Bugdaýly meýdandaky owaz

Bu owazy diňlejek bolsaň, çilden aňyrrak geçmeli. Şahyr aýtmyşlaýyn: «At göwsüne ýeten bugdaý» diýdirýän ak ekiniň hoşasyny sypalap, baldagyny gysymlap görmeli. «Göz çeni» diýleniňem beýle şap geläýşini! Bize ýolbeletlik edýän adam — Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň bölüm başlygy, ýeri çilinden, daýhany aýasyndan tanaýan Hudaýberdi Hajyýew giden bugdaýly meýdanyň içine girdi-de, derrew bir hoşasyny şatyrdadyp döwdi. Aýasynda owuçlap, towzasyny üfläp, oglanlykda gatan aýasynda goýup sanap ugrady. Ilki üns bermedigem bolsam, ahyrynda: — Bir hoşada 72 sany däne bar — diýip, gysymyndakyny maňa uzadanda, gyzyklanmam artdy. Gurbany gitdigime: «Bereket başy» diýilmegi bihal däl-ow! Sered-ä, hersi «Atyp sanabermeli» diýilýän gyzylymtyl däneleriň öwşün ataýşyna! Meýdany aýtsana! Çar töweregini dag gurşap, belent depeleriň ortasynda tegelenip oturan bugdaýly meýdan çala öwüsýän şemala tolkun atyp gidýär weli, kemsiz bişen hoşalaryň başy bir-birine degip, üýtgeşik owaz edýär. Aňyrsy gözýetime ulaşýan meýdanda bolsa, bugdaý däl-de, bir gudrat bilen tylla göterilip çykan ýaly, şeýlekin altyn reňk öwüsýär. Şonda: «Ýere urdum paltany, agzy gyzyl haltany, ýerden bir oglan çykdy, uly iliň soltany» diýleni çyn-ow» diýlen pikir göwün guşuňa

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler

Türkmenistanda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 14-nji iýunda bu işe girişdiler. Ýurdumyzyň demirgazyk we günbatar sebitlerinde il sylagly ýaşulular halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly däbine görä, Beýik Biribardan orak möwsüminiň üstünlikli geçmegini dileg etdiler. Soňra ýaşuly nesliň wekilleri: «Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!» diýen sözler bilen ilkinji bugdaý sünbüllerini ordular hem-de orlan bugdaý bogdagyny möwsümiň rowaçlanmagynyň nyşany hökmünde kombaýnçylara berdiler. Ýeri gelende bellesek, şu ýyl türkmen gallaçylarynyň öňünde güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen jemi 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna, şol sanda Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda bolsa 80 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak wezipesi goýuldy.

Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar!

Galla — 2024  Welaýatymyzda galla oragyna guramaçylykly girişildi

Gallaly il – rysgally il

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda galla oragyna badalga berildi Hormatly Prezidentimiziň galla oragyna girişmäge beren ak patasy, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen goýny üç ýüz altmyş pirli Daşoguz welaýatynda hem bu möhüm möwsüme guramaçylykly girişildi.

«Ak üzüm» arzyly sepgide ýetdi

Ak bugdaý etrabynyň «Ak üzüm» daýhan hojalygy etrabymyzda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Hojalykda geçen ýyllarda bolşy ýaly, üstümizdäki şanly ýylda hem galla taýýarlamak boýunça tabşyryk ilkinjileriň hatarynda berjaý edildi. Daýhan hojalygy boýunça däne ýetişdirilen 75 gektar meýdandan ak bugdaýyň 168 tonnasyna derek 475 tonna golaýy ýygnalyp, şertnamalaýyn borçnamada göz öňüne tutulandakysyndan 307 tonnadan köp hasyl taýýarlanyldy. Ýusup Bäşimowyň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygynyň bu zähmet üstünligi her birimizi begendirýär.

“Ýaz meýdanyň” zähmet ýeňşi

Kaka etrabynyň “Ýaz meýdan” daýhan hojalygy galla taýýarlamakda ilkinjileriň biri bolup şertnamalaýyn borçnamasyny berjaý etdi. Arslan Nuryýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu daýhan hojalygy boýunça häzirki güne çenli ak bugdaýyň 1 müň 788 tonnasynyň ýerine 1 müň 830 tonnadan gowragy ýygnalyp, bu babatdaky tabşyryk 103 göterime barabar boldy. Ýeri gelende, üstümizdäki şanly ýylyň hasyly üçin gürrüňi edilýän daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynyň 900 gektarynda guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini, şonuň 150 gektarynda oragyň indi geçiriljekdigini bellemelidiris. Munuň özi öňdebaryjy daýhan hojalygynyň zähmet üstünliginiň has-da berkidiljekdigini görkezýär.

Ýüpek parça bol bolar

Ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak çig pile öndürmegi başaran ýüpekçilerimiz bu gün Gün nuruna öwşün atýan ak piläniň çäjine seredip, ony ýüzüne sylýarlar. Elbetde, bu ýöne ýerden däl, ýüpek bu gün diňe bir gelin-gyzlarymyzyň egnindäki lybaslar bolman, eýsem, ol ýeňil senagatyň birnäçe pudaklarynda giňden ulanylýar. Çig ýüpege daşary ýurtlaryň kompaniýalary-da uly isleg bildirýärler. Lukmançylykda, dokma we himiýa senagatynda giňden ulanylýan türkmen ýüpegi öz çygryny barha giňeldýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda türkmen ýüpeginiň Hytaýda, Hindistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda islenilýän harytlaryň biri bolandygyny görkezýän taryhy maglumatlary getirýär. Ine, şeýle islegli haryda öwrülen türkmen ýüpegi bu günki günde hem öz gadyryny, hümmetini peseldenok. Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde göreniň ünsüni özüne çekýän dürli görnüşli ýüpek parçalar bilen birlikde, ýüpek halylar hem dokalýar. Alymlarymyz we hünärmenlerimiz ýüpek gurçugynyň ýurdumyzyň tebigy şertlerine uýgunlaşan we ýerli tutdan gowy ýüpek saraýan «Türkmen — 13», «Türkmen — 16», «Ak pile — 1» ýaly saýlama tohumlaryny hem döretdiler. Häzirki wagtda bu iş Türkmenab

Hojalygyň guwandyryjy üstünligi

Ak bugdaý etrabynyň «Ak üzüm» daýhan hojalygy galla taýýarlamak boýunça tabşyryga Ahal welaýatynda ilkinjileriň hatarynda hötde geldi. Tejribeli daýhan Ýusup Bäşimowyň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygy boýunça üstümizdäki ýylyň hasyly üçin 75 gektar meýdanda bugdaýyň «Alekseiç» görnüşi ýetişdirilip, orak möwsümine ilkinji günlerden jogapkärli çemeleşildi. Yhlas bilen çekilen zähmetiň netijesinde, şertnamalaýyn borçnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Daýhan hojalygy tarapyndan guşgursak ak bugdaýyň 168 tonnasynyň ýerine 475 tonna golaýy ýygnalyp, harmana tabşyryldy. Munuň özi meýilnamada göz öňüne tutulandakysyndan 307 tonnadan hem artykdyr. Gallanyň döwlet satyn alyş bahasynyň ýokarlanmagy, şeýle-de daýhanlaryň ýylyň dowamynda goldaw-hemaýatlar, aladalar bilen gurşalmagy şu ajaýyp günlerde gazanylan zähmet üstünliginiň esasy şertine öwrüldi.

Ýeralma hasyly ýygnalýar

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň öz topragymyzda öndürilen ýeralma, şeýle hem gök önümler bilen bolelin üpjün edilmegi barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine saldamy goşant goşmagy maksat edinen welaýatymyzyň ekerançylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gaýratly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, ekerançy daýhanlar şu ýylda ýeralma ekilen 8800 gektar meýdanda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky işlere öz wagtynda girişip, häzirki günlerde olary öndürijilikli dowam etdirýärler. Bu babatda welaýatymyzyň Şabat etrabynyň ekerançylarynyň has-da tapawutlanýandyklaryny bellemek bolýar. Ýagny olar özleri üçin döredilen şertlerden ýerlikli peýdalanmak bilen, şu ýyl 1995 gektar meýdanda ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirdiler hem-de ony ýygnamaklyga öňdäkileriň hatarynda ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirdiler. Şeýlelikde, şu wagta  çenli etrabyň «Nowbahar» daýhan birleşiginde 1 müň, «Dostluk» daýhan birleşiginde 600, «Azatlyk» daýhan birleşiginde 500 tonnadan gowrak ýeralma ýygnalyp, döwlet harmanyna tabşyryldy. Ýetişdirilen ýeralmany öz wagtynda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak babatyndaky işler Görogly, Boldumsaz we beýleki etraplarda hem günsaýyn ýokary depginlere eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň

Işine yhlasly telekeçi

Ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmeklige, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaklyga saldamly goşant goşmak ugrunda telekeçilerimiz guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Olar öndürýän önümleriniň görnüşlerini, hilini, bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen öz öňlerinde goýlan wezipeleri mynasyp ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzda önüm öndürijilere goldaw bermek baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde welaýatymyzda hususy hojalyklarynda halkyň islegli önümlerini öndürýän, iş başarjaň hususyýetçiler az däl. Olaryň biri hem Köneürgenç etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň Gumgala obasynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ýagşymyrat Altyýewdir. Ol birnäçe ýyldan bäri oba hojalyk ekinleri üçin örän peýdaly, ekologik taýdan arassa dökün bolan biogumus öndürýän gyzyl kaliforniýa ýagyş gurçuklaryny köpeldip, ony welaýatymyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrmak bilen meşgullanyp gelýär. Biogumus düzümindäki iýmit maddalary ösümlik üçin örän peýdaly bolan organiki dökün. Ol topragyň tebigy gurplulygyny tiz dikeldýär, ösümligiň gögermegini, ösüşini çaltlaşdyrýar we hasyllylygyny ýokarlandyrýar. Düzümi dürli mikro elementlere baý bolan bu dökün ekinleriň immunitetini ýokarlandyr

Uly iliň soltanynyň şanyna

Halkymyz gallany berekediň gözbaşy, mele-myssyk nany nygmatlaryň naýbaşysy hasaplaýar. Şol sebäpli daýhanlar topraga tohum sepmäge girişenlerinde birek-birege «Her bir dänäň müň bolsun!», oraga girişenlerinde bolsa «Harmanyňa bereket!» diýip, ýagşy dileg edýärler. Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa bu dabaralar uly toý tutumy bilen bellenilýär. Üstümizdäki ýylyň galla oragyna girişilmegine bagyşlanan dabara hem ýatdagalyjy wakalara baý boldy. Ol bereketliligiň, bolçulygyň, rowaçlygyň aýdyň ýüze çykmasy bolup, joşgunly kalplara ýakymly nuruny çaýdy. Aýdym-sazyň şirin owazyna beslenen dabara bereketli türkmen topragynyň dürli naz-nygmatlarynyň, desterhanlaryň bezegi bolan çörek we çörek önümleriniň özboluşly gözden geçirilişine öwrüldi. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň azyk Garaşsyzlygyny berkitmek maksady bilen başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýändiginiň aýdyň şöhlelenmesi boldy.

Ene ýeriň berekedi

Kerki etrabynda oba hojalyk ekinlerinden ýylyň-ýylyna bol hasyl toplamagy başarýan «Hatap» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary etrapda ilkinji bolup döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. — Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daýhanlarymyzyň ýokary netijeleri gazanmaklary üçin oňaýly şertler döredilýär. Ýer eýeleriniň önüm öndürmäge bolan höwesini artdyrmak, hasyllylygyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy hakyndaky çözgüt daýhanlarymyzyň ruhlaryny belende göterdi — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Merdan Hakyýew şatlygyny paýlaşýar.