Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

16 Iýun 2024
227

Şu ýyl türkmen gallaçylarynyň öňünde güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen jemi 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna, şol sanda Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda bolsa 80 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak wezipesi goýuldy.

Demirgazyk sebitiň ekerançylary ekiş möwsüminiň dowamynda bugdaýyň welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler. 2024-nji ýylyň galla oragynda däne ýygyjy kombaýnlardan, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalardan peýdalanylar. Orak döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlar gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerurlyklar: ýangyç-çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Mehanizatorlar, sürüjiler, oraga gatnaşýan beýleki işgärler üçin zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirme işleri geçirildi. Meýdan düşelgelerinde olaryň talabalaýyk zähmet çekmekleri, dynç almaklary babatda zerur şertler döredildi. Medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda nokatlarynyň işi guraldy. Ýygnalyp alnan hasylyň kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara daşalmagyny ýük awtoulaglary üpjün eder. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýynda. Olaryň hünärmenleri iň täze enjamlaryň kömegi bilen meýdanlardan gelip gowuşýan dänäniň hilini dessin kesgitlärler.

Kemal SAPARMYRADOW,
Aşgabat şäheriniň takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň uçurymy.
Beýleki habarlar