Ýeralma hasyly ýygnalýar

12 Iýun 2024
433

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň öz topragymyzda öndürilen ýeralma, şeýle hem gök önümler bilen bolelin üpjün edilmegi barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine saldamy goşant goşmagy maksat edinen welaýatymyzyň ekerançylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gaýratly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, ekerançy daýhanlar şu ýylda ýeralma ekilen 8800 gektar meýdanda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky işlere öz wagtynda girişip, häzirki günlerde olary öndürijilikli dowam etdirýärler.

Bu babatda welaýatymyzyň Şabat etrabynyň ekerançylarynyň has-da tapawutlanýandyklaryny bellemek bolýar. Ýagny olar özleri üçin döredilen şertlerden ýerlikli peýdalanmak bilen, şu ýyl 1995 gektar meýdanda ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirdiler hem-de ony ýygnamaklyga öňdäkileriň hatarynda ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirdiler. Şeýlelikde, şu wagta  çenli etrabyň «Nowbahar» daýhan birleşiginde 1 müň, «Dostluk» daýhan birleşiginde 600, «Azatlyk» daýhan birleşiginde 500 tonnadan gowrak ýeralma ýygnalyp, döwlet harmanyna tabşyryldy. Ýetişdirilen ýeralmany öz wagtynda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak babatyndaky işler Görogly, Boldumsaz we beýleki etraplarda hem günsaýyn ýokary depginlere eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň bu önüme bolan isleginiň doly kanagatlandyrylmagyna önjeýli ýardam berer.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar