Gallaçylaryň armaçylary

18 Iýun 2024
502

Welaýatymyzyň ak bugdaýly meýdanlarynda galla oragy depginli dowam edýär. Şu gyzgalaňly günlerde gallaçylaryň armasynyň ýetirilip durulmagy olaryň her birini zähmet üstünligine ruhlandyrýar.

BÄHERDEN. Etrabyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde guralan medeni-dynç alyş dabarasy ruhubelentlige eýe boldy. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi tarapyndan gysga wagtlyk arakesme wagtynda guralan dabara gallaçy kärendeçiler, kombaýnçylar, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşaýjy awtoulag sürüjileri we bu işe dahylly beýleki zähmetkeşler gatnaşdy. Onda häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti barada gürrüň edilip, gallaçylara zähmet üstünlikleri arzuw edildi.

SURATLARDA: Ak bugdaý etrabynda geçirilen medeni-dynç alyş dabarasyndan pursatlar.
Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar