Bugdaýly meýdandaky owaz

16 Iýun 2024
238

Bu owazy diňlejek bolsaň, çilden aňyrrak geçmeli. Şahyr aýtmyşlaýyn: «At göwsüne ýeten bugdaý» diýdirýän ak ekiniň hoşasyny sypalap, baldagyny gysymlap görmeli. «Göz çeni» diýleniňem beýle şap geläýşini! Bize ýolbeletlik edýän adam — Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň bölüm başlygy, ýeri çilinden, daýhany aýasyndan tanaýan Hudaýberdi Hajyýew giden bugdaýly meýdanyň içine girdi-de, derrew bir hoşasyny şatyrdadyp döwdi. Aýasynda owuçlap, towzasyny üfläp, oglanlykda gatan aýasynda goýup sanap ugrady. Ilki üns bermedigem bolsam, ahyrynda:

— Bir hoşada 72 sany däne bar — diýip, gysymyndakyny maňa uzadanda, gyzyklanmam artdy. Gurbany gitdigime: «Bereket başy» diýilmegi bihal däl-ow! Sered-ä, hersi «Atyp sanabermeli» diýilýän gyzylymtyl däneleriň öwşün ataýşyna! Meýdany aýtsana! Çar töweregini dag gurşap, belent depeleriň ortasynda tegelenip oturan bugdaýly meýdan çala öwüsýän şemala tolkun atyp gidýär weli, kemsiz bişen hoşalaryň başy bir-birine degip, üýtgeşik owaz edýär. Aňyrsy gözýetime ulaşýan meýdanda bolsa, bugdaý däl-de, bir gudrat bilen tylla göterilip çykan ýaly, şeýlekin altyn reňk öwüsýär. Şonda: «Ýere urdum paltany, agzy gyzyl haltany, ýerden bir oglan çykdy, uly iliň soltany» diýleni çyn-ow» diýlen pikir göwün guşuňa perwaz berip goýberýär.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.
Beýleki habarlar