"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Täsinlikler äleminde

Iň uly ýel elektrik stansiýasy Goňşy Özbegistanyň demirgazyk-günbatarynda, Garagalpagystan Respublikasynyň çäginde dünýäde iň uly ýel elektrik stansiýasy gurlar. «ACWA Power» arap kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guruljak ýel elektrik stansiýasynyň kuwwaty 1,5 GWt bolar. Has düşnükli dilde aýdanyňda, bu 1,65 million öýüň arassa energiýa bilen bökdençsiz, doly üpjün ediljekdigini we ýylda 2,4 million tonna uglerodyň daşky gurşawa goýberilmeginiň öňüniň alynjakdygyny aňladýar. Özbegistan elektrik energetikasy babatda Saud Arabystany döwleti bilen geljegi uly hyzmatdaşlyga badalga berdi. Ýakyn 5 ýylyň içinde Saud Arabystany Özbegistanyň energetika senagatyny ösdürmek üçin 10 milliard amerikan dollary möçberde maýa goýar. Dünýäde iň uly diýlip teswirlenýän ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy arap maýa goýumynyň hasabyna durmuşa geçiriljek iri energetika taslamalarynyň biri bolar.

Alys­la­ry ýa­kyn­laş­dyr­ýan ul­gam

Ösüş­le­re bes­len­ýän döw­rü­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty bi­len ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Mu­ny dür­li ugur­lar bi­len bir­lik­de ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler hem do­ly gör­kez­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz dün­ýä­niň alys­da­ky we ýa­kyn­da­ky ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li, bi­rek-bi­re­ge dü­şü­niş­mek we hor­mat goý­mak gat­na­şyk­la­ry­ny giň­den ýaý­baň­lan­dyr­ýar. Bu iş­ler hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň öz­ger­me­gi­ne uly iter­gi ber­ýär. Ýe­til­ýän sep­git­ler­de, ga­za­nyl­ýan ösüş­ler­de ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň uly go­şan­dy­nyň bar­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­me­li­di­ris. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýa­kyn­dan ýar­dam ber­me­gi ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we ha­bar be­riş til­si­mat­la­ry bo­ýun­ça in­no­wa­si­ýa­la­ra giň orun be­ril­me­gi mag­lu­mat­la­ryň ýo­ka­ry hil de

Sanly hyzmatlar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ylmyň gazananlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň esasynda dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň derejesine çykarmak ugrunda tagallalary edýär. Ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalar elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti we sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek wezipelerini öňde goýýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem sanly ulgam arkaly geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň hatarynda «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi.

Sanly ulgam – döwrebap ösüş

Sanly ulgam — üstünligiň döwrebap şerti

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimizi we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary ulanyp, elektron dolanyşyk arkaly adamlara edilýän hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi kabul edilýän döwrebap kanunlar bilen düzgünleşdirilýär. Ol kanunlaryň hatarynda 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda kabul edilen «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrdaky ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Kanun 5 bapdan, 28 maddadan ybarat bolup, onuň 1-nji maddasyna laýyklykda, elektron hökümet — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly döwlet edaralarynyň fiziki we ýuridik şahslar üçin döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň we tehniki serişdeleriň ulgamy bolup durýar.

Sanly tehnologiýalar döwlet gullugynda

Mälim bolşy ýaly, XXI asyrda sanlylaşdyrma hadysasy dünýä ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda sanly bilim ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, şol sanda adamlaryň gündelik durmuşyna, hünär işine barha işjeň ornaşýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek bilen, öz çykyşlarynda döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň, maglumat tehnologiýalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet dolandyryş we döwlet hyzmat ediş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, olaryň raýatlar üçin elýeterli bolmagyna mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Döwleti we jemgyýeti dolandyryş ulgamlarynyň işiniň netijeliligini, aýanlygyny we jogapkärçiligini ýokarlandyrmakda täze özgertmeleri amala aşyrarys» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin dünýä ülňül

Hat ýazýan enjamyň döreýşi

Taryh adamzadyň durmuşyny ýeňilleşdirmäge, ýaşaýyş medeniýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen açyşlaryň ençemesine şaýatlyk edip gelýär. Ýazuwyň, metbugatyň hem ilkinji döredilen gününden bäri yzygiderli kämilleşdirilýändigi ählimize mälimdir. Häzirki zaman tehnologiýanyň iň täze gazananlary bolan döwrebap kompýuterlerden öň dürli döwürlerde hat ýazmagy ýeňilleşdirmegiň ençeme görnüşi oýlanyp tapylypdyr. Ilkinji hat ýazýan enjamy döretmek işleri 1700-nji ýyllarda başlansa-da, onuň ulanmak üçin amatly görnüşi 1801-nji, käbir maglumatlara görä, 1808-nji ýylda Italiýada Pellegrino Turri tarapyndan oýlanyp tapylýar. Bu enjamyň ilkinji patenti bolsa 1829-njy ýylda ABŞ-da William Austin Burt tarapyndan alynýar. «Tipograf» diýlip atlandyrylan bu enjamda hat ýazmak üçin el bilen ýazanyňdan hem kän wagtyňy sarp etmeli bolupdyr. 1868-nji ýylda Kristofer Şolesiň oýlap tapan enjamynda hat ýazmak has ýeňil bolupdyr. Elbetde, bu ugurda edilen ähli synanyşyklar şowly bolmandyr. Remingtonuň 1878-nji ýylda döreden ullakan, ýasalmagy köp wagty we çykdajyny talap edýän ýazuw enjamy köpçülikleýin önümçilige ýaramsyz bolupdyr. Italýan «Underwood-Olivetti», nemes «Olimpia», «Adler» we «Triumph», şwed «Facit» kompaniýalarynyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýa

Täsinlikler äleminde

Sebitiň uly metjidi Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde Merkezi Aziýa sebitinde iň uly metjit açylyp ulanmaga berildi. Umumy 68 müň inedördül metr çäkde gurluşygy ýerine ýetirilen metjidiň namaz okalýan içerki zaly 10 gektar ýeri eýeleýär. Metjidiň esasy zalynda bir wagtda 200 müň töweregi we ýene goşmaça 35 müň adam namaz parzyny berjaý edip bilýär. Onuň baş gümmeziniň beýikligi 90 metr, diametri hem 62 metrdir. Metjidiň her burçundaky minaralaryň hersiniň beýikligi bolsa 130 metre barabardyr. Metjit diňe bir namaz parzlaryny berjaý etmek üçin zallardan ybarat bolman, onuň çäginde okuw otaglary, mejlisler zaly, garbanyşhana, telewideniýe üçin ýörite studiýa bar. Gazak paýtagtynda gurlan metjit diňe bir sebitiň iň uly metjidi bolman, ol dünýäde iň uly metjitleriň onlugynyň sanawyna hem girdi.

Jümle-jahan habarlary

Dünýäde iň kuwwatly magnit Hytaýda döredilen, ululygy metal şaýy puldan sähelçe uly bolan dünýäde iň kuwwatly enjam durnukly 45,22 tesla magnit meýdanyny döretmäge ukyplydyr. Munuň özi Ýeriň magnit meýdanyndan million essä golaý güýçlüdir. Ýeri gelende sowadyja berkidilýän bezeg magnidiniň 5 millitesla ýa-da 0,005 tesla magnit meýdanyny döredýändigi, Ýeriň magnit meýdanynyň bolsa giňişlige we beýleki şertlere baglylykda 0,00003-0,00005 tesla barabardygy bellärliklidir. Ýurduň günorta-gündogaryndaky Hefeý şäherinde ýerleşýän, ylmy barlaglary geçirmek üçin niýetlenilen bu enjam Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň güýçli magnit meýdany barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan döredildi. Bu barada South China Mogning Post habarlar gullugy ýazýar.

Elektron hökümet — döwrebap işjeňlik

Ýurdumyzda önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Sanly ykdysadyýetiň edara-kärhanalaryň işine giňden aralaşmagy netijesinde hünärmenleriň täzeçe usullar boýunça işlemekleri üçin giň mümkinçilikler döredi. Şeýlelikde, durmuş-ykdysady, zähmet gatnaşyklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik ösüşiniň ähli ugurlaryna maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňişleýin ornaşdyrmagyň, ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagyň wajyp guraly bolup çykyş edýändigi nygtalýar. Täze maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy, ilkinji nobatda, döwlet edaralarynyň we býujet ulgamynyň iş netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçin-de, bu ugurlary maglumat bilen üpjün etmegiň çäklerinde, döwlet edaralarynyň maglumat üpjünçiligini çalt depginler bilen ösdürmek, hususan-da, olaryň elektron toruny döretmek, elektron resminama dolanyşygyna geçmek, maglumatlary işläp taýýarlamagyň we seljermegiň elektron görnüşlerini ornaşdyrmak derwaýys meseleleriň hatarynda durýar.

IOS üçin "AŞTU" ykjam programmasynda "Rysgal" bank karty arkaly onlaýn töleg elýeterli boldy

"AŞTU" - nyň abonentleri "Rysgal" bankyň kartlarynyň üsti bilen, iOS programmasy arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryny tölemäge mümkinçilik aldylar. Bu möhüm programma täzelenmesini “App Store” - dan ýükläp alyp bolar.Aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleg töläniňizde, menýuda - "Rysgal banky" bölümi saýlamaly. Şeýle hem, tölegleri "AŞTU"- nyň resmi web sahypasynda, "Şahsy hasap" - dan ýa-da Google Play-den ýüklenilip alynan programma arkaly amala aşyryp bilersiňiz.

San­ly ul­ga­myň mümkinçilikleri

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ähli pu­da­gyn­da ýo­ka­ry ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da hem ýo­ka­ry sep­git­le­re ýe­til­ýär. Mälim bolşy ýa­ly, «Bi­lim ha­kyn­da» (rejelenen görnüşde) Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di. Bi­lim ul­ga­my­nyň mak­sat­la­ry­ny kes­git­le­ýän bu ka­nun­da gör­ke­zi­len talaplar äh­li­si ýo­ka­ry de­re­je­de ýo­la go­ýul­ýar.

Sanly ykdysadyýetiň amatlylyklary

Sanly tehnologiýalar bize işimizi az salymda ýokary hilli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy görkezijileri bolan döwrebap tehnologiýalar her bir ädimde gabat gelýär. Gündelik durmuşda ulanýan serişdelerimiziň, enjamlarymyzyň, iň bärkisi, hemişe ýanymyzda göterýän öýjükli el telefonymyzyň haýsy döwletde öndürilendigi ählimize gyzykly bolsa gerek. Muny bilmek üçin, zähmet sarp etmezden, harytlarda ulanylýan, gelip çykýan ýerinden habar berýän ştrih koduny ýa-da QR koduny ulanmak ýeterlik.

Täsinlikler äleminde

Suw astyndaky rekord Suw astynda köp wagtlap saklanmak, şol bir wagtda aňrybaş çuňluga çümüp, yzyňa çykmak töwekgelçiligi we başarnygy talap edýär. Fransiýa döwletinden 26  ýaşly suw sportunyň türgeni Arno Jerald munuň hötdesinden gelmegi başardy. Ol belli bir wagtda suwuň düýbüne ýüzüp, yzyna çykmakda dünýä rekordyny goýdy. Fransiýaly türgen 120  metr çuňluga ýüzüp, yzyna tiz wagtda çykmagy başardy. Munuň üçin oňa 3 minut 34 sekunt ýeterlik boldy. Arno Jerald bu aralygy bir demde ýüzüp we şonça aralygy ýene yza çykmak üçin ýüzüp geçmegi başardy. Ol bu taryhy rekordy Atlantik ummanyndaky Bagam adalarynyň töweregindäki suwlarda durmuşa geçirdi.

Sanly bilimiň ösüşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, bu pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron, ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet gönükdirilýär. Bu ugurdaky wezipeler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» özüniň anyk beýanyny tapýar. Berkarar Watanymyzda sanly ulgamy ösdürmekde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän maglumat tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda edilýän tagallalar örän guwandyrýar. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde sanly tehnologiýalar, ýokary tizlikli internet ulgamy ornaşdyrylýar, onlaýn sapaklar, wideoşekili duşuşyklar geçirilýär. Daşary ýurtlaryň bilim ojaklary bilen ylmy maslahatlardyr okuwlaryň geçirilmegi üçin hem giň mümkinçilikler bar.

San­ly bilimiň gözýetimleri

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi ba­bat­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň tej­ri­be­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, düýp­li yl­my esas­la­ra da­ýan­ýan giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň hem-de me­ýil­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­bat­da ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da in­že­ner­le­riň, teh­no­log­la­ryň hem-de yl­my iş­gär­le­riň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek, ýaş­la­ry ylym we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­gam­la­ry­na çek­mek, jem­gy­ýe­tiň ylym-bi­lim kuw­wa­ty­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bin­ýa­dyn­da döw­re­bap öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri ba­ka­lawr­la­ry hem-de ma­gistr­le­ri taý­ýar­la­ýan bi­lim be­riş ul­ga­my­ny ýo­la goý­du­lar.

Elektron döwlet hyzmatlarynyň döwrebap hukuk binýady

Aýdyň geljegi nazarlaýan ykdysady özgertmeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. 8-nji iýulda geçen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem ykdysadyýetiň önümçilik düzümlerine innowasion çözgütleri ornaşdyrmaklyga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada gürrüň açanymyzda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» nurana geljegi, ykdysady ösüşleri nazarlaýan ata Watanymyzyň öňünde belent sepgitleri we täze gözýetimi kesgitleýän çelgidigini bellemelidiris. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen 30 ýyllyk milli ösüş strategiýasynda ähli aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025

Suw: döwrebap çözgütler

Türkmenistanda tebigy baýlyklara, şol sanda suw serişdeleriniň aýawly peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar esasynda döwrebap suw arassalaýjy desgalar yzygiderli gurulýar, ähli sebitlerde, hususan-da, Aralýaka zolagy bolan Daşoguz we Balkan welaýatlarynda suw üpjünçiligini berjaý etmek üçin, dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Suw ýaşaýşyň we berekediň gözbaşydyr. Tebigy suw özüniň hili we himiki düzümi boýunça dürli görnüşlere bölünýär. Içmäge ýaramly agyz suwunyň duzlulygy onuň 1 litrinde 1 gramdan geçmeli däl. Eger-de suwda kalsiý we magniý ionlarynyň mukdary 1 litrde 7 milligramdan geçse, oňa talhy suw diýilýär. Ýer togalagynyň dörtden üç bölegi suw bilen örtülip, mukdary 1,5 milliard kub kilometre barabardyr. Onuň diňe 3 göterime golaýy süýji suw bolup, galany ummanlaryň, deňizleriň duzly suwudyr. Süýji suwuň esasy ýatagy bolsa entek ulanylmaýan Arktikanyň hem-de Antraktidanyň buzluklarynda jemlenendir. Olaryň gory 24 million kub kilometr töweregidir. Diýmek, adamzadyň geljegi, süýji suwa bolan umydy şol suw hazynalaryny ulanmak bilen baglanyşyklydyr.

Oba hojalygyny ösdürmekde döwrebap kanunlaryň orny

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ösen industrial döwlete öwürmek babatda alnyp barylýan syýasatyň esasy mazmuny bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän, eksporta niýetlenen, ýokary tehnologiýa önümlerini öndürýän, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda işleýän düýpgöter täze önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekden ybarat bolup durýar. Bu bolsa, daşary ýurtlaryň ösen tehnologiýalaryny we tehnikalaryny satyn alyp ornaşdyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň milli innowasion ulgamyny has-da ösdürmegi we döwrebap bazar şertlerine laýyk gelýän derejelere çykarmagy talap edýär. Häzirki wagtda ylmy açyşlara, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegi boýunça wezipeleri ylmy taýdan esaslandyryp çözmäge, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna ylmyň häzirki zaman gazananlaryny ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta telekeçilige degişli ýuridik we fiziki şahslary ylmy-barlag, tejribe-oýlap tapyjylyk we tehnologik işläp taýýarlamalara gatnaşmaga çekmek bilen, ylmy we innowasiýa telekeçilik işini ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly işler hem giňden ýola goýulýar.