Aýdyň geljegi nazarlaýan ykdysady özgertmeler

10 Awgust 2022
844

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. 8-nji iýulda geçen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem ykdysadyýetiň önümçilik düzümlerine innowasion çözgütleri ornaşdyrmaklyga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada gürrüň açanymyzda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» nurana geljegi, ykdysady ösüşleri nazarlaýan ata Watanymyzyň öňünde belent sepgitleri we täze gözýetimi kesgitleýän çelgidigini bellemelidiris. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen 30 ýyllyk milli ösüş strategiýasynda ähli aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» işjeň durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalaryň milli ykdysadyýetimize, önümçilige giňden ornaşdyrylýandygyna, innowasion häsiýetli täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala getirilýändigine şaýat bolýarys.

Täze galkynyşlara beslenýän berkarar döwletimizde kämil sanly tehnologiýalaryň ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanyp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň täze nusgasy döredilýär. Elektron senagaty galkyndyrmak, jemgyýetiň aň-bilim maýasyny döretmek we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ykdysady gatnaşyklary berkitmek ýurdumyzyň ykdysady ösüş konsepsiýalarynyň esasy ýörelgeleridir.

Röwşen ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar