Ösüşlere beslenýän döwrümizde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bilen amala aşyrylýan işler milli ykdysadyýetimiziň ösmegine ýardam edýär. Muny dürli ugurlar bilen birlikde ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynda amala aşyrylýan işler hem doly görkezýär.
Häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň alysdaky we ýakyndaky ýurtlary bilen dostlukly, hoşniýetli, birek-birege düşünişmek we hormat goýmak gatnaşyklaryny giňden ýaýbaňlandyrýar. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň özgermegine uly itergi berýär. Ýetilýän sepgitlerde, gazanylýan ösüşlerde ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň uly goşandynyň bardygyny aýratyn bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen telekommunikasiýalar we habar beriş tilsimatlary boýunça innowasiýalara giň orun berilmegi maglumatlaryň ýokary hil derejede alyşmagyny üpjün edýär.