Jümle-jahan habarlary

24 Awgust 2022
638

Dünýäde iň kuwwatly magnit

Hytaýda döredilen, ululygy metal şaýy puldan sähelçe uly bolan dünýäde iň kuwwatly enjam durnukly 45,22 tesla magnit meýdanyny döretmäge ukyplydyr. Munuň özi Ýeriň magnit meýdanyndan million essä golaý güýçlüdir. Ýeri gelende sowadyja berkidilýän bezeg magnidiniň 5 millitesla ýa-da 0,005 tesla magnit meýdanyny döredýändigi, Ýeriň magnit meýdanynyň bolsa giňişlige we beýleki şertlere baglylykda 0,00003-0,00005 tesla barabardygy bellärliklidir. Ýurduň günorta-gündogaryndaky Hefeý şäherinde ýerleşýän, ylmy barlaglary geçirmek üçin niýetlenilen bu enjam Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň güýçli magnit meýdany barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan döredildi. Bu barada South China Mogning Post habarlar gullugy ýazýar.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar