Hat ýazýan enjamyň döreýşi

24 Awgust 2022
861

Taryh adamzadyň durmuşyny ýeňilleşdirmäge, ýaşaýyş medeniýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen açyşlaryň ençemesine şaýatlyk edip gelýär. Ýazuwyň, metbugatyň hem ilkinji döredilen gününden bäri yzygiderli kämilleşdirilýändigi ählimize mälimdir. Häzirki zaman tehnologiýanyň iň täze gazananlary bolan döwrebap kompýuterlerden öň dürli döwürlerde hat ýazmagy ýeňilleşdirmegiň ençeme görnüşi oýlanyp tapylypdyr.

Ilkinji hat ýazýan enjamy döretmek işleri 1700-nji ýyllarda başlansa-da, onuň ulanmak üçin amatly görnüşi 1801-nji, käbir maglumatlara görä, 1808-nji ýylda Italiýada Pellegrino Turri tarapyndan oýlanyp tapylýar. Bu enjamyň ilkinji patenti bolsa 1829-njy ýylda ABŞ-da William Austin Burt tarapyndan alynýar. «Tipograf» diýlip atlandyrylan bu enjamda hat ýazmak üçin el bilen ýazanyňdan hem kän wagtyňy sarp etmeli bolupdyr. 1868-nji ýylda Kristofer Şolesiň oýlap tapan enjamynda hat ýazmak has ýeňil bolupdyr. Elbetde, bu ugurda edilen ähli synanyşyklar şowly bolmandyr. Remingtonuň 1878-nji ýylda döreden ullakan, ýasalmagy köp wagty we çykdajyny talap edýän ýazuw enjamy köpçülikleýin önümçilige ýaramsyz bolupdyr. Italýan «Underwood-Olivetti», nemes «Olimpia», «Adler» we «Triumph», şwed «Facit» kompaniýalarynyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýan ýazuw enjamlarynda hem kemçilikler bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen has kämilleşdirilen ulanyşly we gurluşy ýeňil bolan enjamlar satuwa çykarylypdyr.

Beýleki habarlar