"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Haýsy pikir dogry?

Holesterin barada gapma-garşylykly  pikirler köp. Eýsem, olaryň haýsysy  ýalňyş, haýsysy dogruka? 1-nji ýalňyş pikir:

Keseli wagtynda anyklamagyň ähmiýeti

Zenan öz saglygy hakynda haçan alada etmeli? Munuň üçin zenanlar dürli döräp biläýjek keselleriň öňüni almak, saglygyny goramak maksady bilen ýylda ýörite lukmançylyk barlaglardan geçmelidir. Şeýle barlaglar howply keselleriň alamatlaryny wagtynda anyklamaga, dowamly keselleriň ýitileşmeginiň öňüni almaga kömek edýär. Ginekologiki barlaglar garynda agyry dörände, aýbaşy halkasy bozulanda, alawlama hadysasy netijesinde nemler bölünip çykanda geçirilýär. Lukman alamatlary boýunça:

Iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyk dörände...

Lukmançylykda «koprostaz» diýlip atlandyrylýan bu nogsanlyk çagalaryň arasynda ýygy duş gelýär.  Iç gatama diýlip haçan-da çaganyň uly täreti üç we ondan artyk günlerde bolmadyk ýagdaýynda atlandyrylýar. Iç gatamanyň sebäpleri dürli-dürlüdir. Bu ýagdaýdan saplanmak üçin olaryň sebäbini bilmek hökmandyr.

Göwrelilik döwri bejergi alnanda...

Eger-de bir ýeriň agyrsa derman içip, ony ýeňilleşdirmek ýagdaýy hemmämize mälimdir. Bedeniň gyzgyny ýokarlansa, gyzgyny düşüriji, kelle agyrsa, agyrsyzlandyryjy ýaly dermanlar içilýär. Ýöne bu ýagdaýlar göwrelilik döwründe derman serişdelerini ulanmakda seresaplylygy talap edýär. Onuň bolsa özüne ýetik sebäpleri bar. Şeýle ýagdaýlaryň nämeden döreýändigi barada durup geçeliň. lukman bilen maslahatlaşmalyDermanlaryň göwredäki çaga ýetirýän zyýanynyň derejesi göwreliligiň haýsy döwründe ulanylýandygyna, mukdaryna, dowamlylygyna we her bir göwreli aýalyň bedeniniň şol dermana bolan duýujylygyna bagly bolýar. Nädogry içilen derman serişdeleri göwredäki çaganyň düşmegine, belli bir beden agzasynyň zeperlenmegine, enäniň özünde käbir keselleriň ýitileşmegine we çaganyň wagtyndan öň dogulmagyna getirip bilýär. Ýöne zenanyň göwreli wagty hökmany kabul etmeli derman serişdeleri bolup biler. «Şeýle ýagdaýda näme etmeli?» diýen sorag ýüze çykýar. Her bir geljekki ene haýsy derman serişdelerini göwredäki çaga we özüne zyýan ýetirmezden içip boljakdygy, haýsylary bolsa düýbünden gadagandygy barada bilmek üçin derman serişdelerini lukmanyň maslahaty esasynda kabul etmeli.

Bedene suw ýetmezçilik edende...

Içilýän suwuň mukdary ýeterlik bolmaly, ortaça ol günde 2-3 litr töweregi içilmeli. Sagdyn iýmitlenmek hem-de ýeterlik mukdarda arassa suw içmek adam bedeni üçin esasy zerurlyklardyr. Suw adamyň aşgazan-içege ulgamynyň işjeňligini gowulandyryp, ony arassalaýar. Hemme döwürde-de suw barada we onuň adam bedeni üçin ähmiýeti dogrusynda köp maglumatlar bolan, aýratyn hem, lukmançylyk ulgamynda suwuň täsirine gadym döwürlerden bäri üns berýärler.

Haçan ünsli bolmaly?

Çaga 7-8 aýlykdan 3 ýarym ýaş aralygyndaky döwürde daşky dünýäni işjeň öwrenýär we zatlary diňe seredip görmek bilen çäklenmän, elläp, hatda, dadyp hem görýär. Körpejäni hemme zatlar gyzyklandyrýar. Ilkibaşda ol gözüne ilýän we eli ýetýän zatlara seredişdirýär, dadyp görýär. Kem-kemden emedeklemek we ýöremek endiklerini özleşdirenden soň eliniň ýetmeýän zatlaryny, mysal üçin, stoluň üstündäki, penjiräniň öňündäki, gapyrjakdaky ýa-da bankadaky zatlary aljak bolýar. Çagalarda barlap görmek endigi tebigy bolýar. Bu endik kiçi çaganyň geljekki tejribesi üçin örän wajypdyr, ýöne daşky gurşawda, çaganyň aňyna gelmejek ýagdaýlar bolup biler. Uly adamlaryň öňünde duran mesele çaganyň bolýan ýerinde kadaly gurşawy döretmek, zyýanly jisimler we maddalar bilen aragatnaşykda bolmagyny aradan aýyrmak bolup durýar. Nädip kadaly gurşawy döretmeli?

Kesellerden goranmagyň ygtybarly ýollary

Bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny güýçlendirmek üçin öňüni alyş çärelerini dogry ýerine ýetirmek zerurdyr. Bu çäreler adam bedeniniň ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy durnuklylygyny, ýagny immunitetini pugtalandyrýar. Bu çäreleri aýratynlykda däl-de, utgaşdyryp toplumlaýyn alyp barmak hökmandyr. • Agyz-burun örtüklerini dakynmak we kesgitlenen howpsuz araçägi berjaý etmek, ilaty howa-damja ýoly bilen geçýän ýokanç kesellerden, howadaky zyýanly tozan bölejiklerinden goramakda ähmiýeti örän uludyr. Lukmançylyk agyz-burun örtügi kesel döredijileriň we tozan bölejikleriniň bedene düşmegine päsgelçilik döredýär. Bedeni ygtybarly goramak üçin lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dogry dakynmak hem derwaýysdyr. Şeýle-de lukmançylyk agyz-burun örtüklerini 2 sagatdan köp dakynmaly däl. Olary ýörite ulanylan agyz- burun örtükleri atylýan gaba salmaly.

Saglyk hakynda alada

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi esasynda eziz Diýarymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde halkara ornuny pugtalandyrýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň dabaralanmagy ýurdumyzda her bir adamyň saglygyny gorap saklamak babatda alnyp barylýan işlerde aýdyň ýüze çykýar. Halkymyzyň saglygyny ýurdumyzyň baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde netijeli işleri amala aşyrýar. Sagdyn döwletiň özenini düzýän sagdyn jemgyýeti kemala getirmek bu günki günüň esasy wezipesi bolup durýar.

Iýmit çygryndaky mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Sebitleýin platforma

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen pähimden ugur alnyp, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, ýokanç hem ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. 2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda iýmit bilen baglanyşykly meseleleriň netijeli çözülmegini üpjün etmek maksady bilen, Merkezi Aziýada we Kawkazda iýmit çygrynda mümkinçilikleri hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Sebitleýin platformanyň 3-nji maslahaty geçirildi. Maslahatda dünýädäki pandemiýa bilen baglanyşykly meseleleriň Merkezi Aziýada we Kawkazda iýmit ulgamyna hem-de howpsuzlygyna täsiri, pandemiýa döwründe eneleriňdir çagalaryň iýmitlenmesi, mekdeplerdäki iýmitlenme ýaly meseleler boýunça käbir maslahatlaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, 2019-2020-nji ýyllarda ýetilen sepgitler boýunça maglumatlar, 2020 — 2022-nji ýyllarda teklip edilýän esasy öwrenilmeli meseleler bilen bilelikde sekretariatyň täze başlygyny yglan etmek ýaly meselelere seredildi. Sebitleýin platformanyň sekretariatyna 2021-2022-nji ýyllarda baştutanlyk etmek hem-de Iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Sebitleýin platformanyň alyp barýan

Bagtyýarlygyň sakasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek, berk bedenli we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk merkezleriniň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, şypahanalaryň gurulmagy ynsan saglygyny goramak we berkitmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen şeýle desgalar adamy iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar eden döwletimizde ynsan saglygy hakda edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr. Saglyk — eşretli durmuşyň, ruhubelentligiň sakasy. Şeýle bolansoň, häzirki döwürde ata Watanymyzda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagyna aýratyn ähmiýetiň berilmegi bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr. Bu bolsa, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Agyz-burun örtügini dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkyň saglygyny gorap saklamakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn bolmak üçin adamlar elmydama şahsy gigiýenany berjaý etmelidirler. Gündelik durmuşda peýdalanylýan sabyny, her adama niýetlenilen süpürgiçleri ulanmagy maslahat berýäris. Her bir adam öz maşgalasynyň arasynda arassaçylygy berjaý etmelidir. Her gün işden, daşardan, çagalar bagyndan, mekdepden gelnende, nahar iýmezden öň, nahar iýip bolnandan soň hökman elleri sabynlap ýuwmaly. Ir bilen turanyňyzda , ýatmazdan öň dişleriňizi diş çotgasy we diş pasta bilen arassalap durmagy unutmaň.

Saglygymyzy gorap saklamak ugrunda alada etmegi her birimiz endik edinmelidiris

Arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek saglygymyzy goramagyň iň ilkinji we möhüm şertidir ■ Beýnimiziň we bedenimiziň işjeň bolmagy üçin wagtly-wagtynda kadaly ukyny almaly.

Arassaçylygy berjaý ediň!

■ Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. ■ Otaglarda zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk işlerini yzygiderli geçiriň!

Lukmanyň maslahaty

DÜMEWDEN GORANALYŇ!Häzirki wagtda wiruslar arkaly döreýän, dem alyş ýollarynyň: burnuň, bokurdagyň, traheýanyň, bronhlaryň nemli bardasynyň, käte gözüň nemli bardasynyň zeperlenmegi bilen, ýiti respirator wirusly ýokançlar islendik adama ýokuşyp, sagdyn adama syrkawdan, seýrek ýagdaýlarda ýokanjy göterijilerden geçip bilýär. Olar gepleşende, asgyranda, üsgürende dem alyş ýollaryndaky wiruslar tüýkülik, gakylyk, burun nemi arkaly daşary çykyp, howa ýaýraýar. Sagdyn adam ýokançlar bilen hapalanan howadan dem alanda ýokarky dem alyş ýollaryna düşýär we nemli bardanyň daşky gatlagynyň (epiteliý) öýjüklerinde ornaşýar hem-de ony zeperlendirýär. Dümew wiruslary bedende köpelýärler we zäherli madda (endotoksin) bölüp çykarmak bilen, bedene zäherlendiriji täsir edýärler (intoksikasiýa). Olar durmuş hajatly zatlar — gap-gaçlar, oýnawaçlar, gapynyň tutawajy, telefonyň trubkasy arkaly galtaşma ýoly bilen hem geçip bilýär. Dümew wiruslary örän ýokuşagan bolup, islendik pasylda çagalara-da, uly adamlara-da ýokuşmagy mümkin. Kesellemeden soň gazanylan immunitet, adatça gysga wagtlaýyn bolýar.

Sagdyn durmuş — uzak ömür

Bedenimiziň saglygy üçin sagdynlyk endiklerini doly we dogry berjaý etmegimiz zerur. Munuň üçin sagdyn iýmitlenmek we iş bilen dynç alşy sazlaşdyrmak, pasla görä geýinmek zerur bolup durýar. Aşa ýadamak, gyzgyn, howasy çalşylmaýan otagda uzak wagtlap bolmak ýa-da tersine aşa sowuk otagda oturmak bolmaýar. Şeýle-de möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen her birimiz şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmelidiris. Dürli ýokanç keselleriň howa-damja ýollary bilen ýokuşýandygyny nazara alyp, her gün öýden daşara çykylmanka, burnuň nemli bardasyna oksolin ýa-da asiklowir melhemini çalmagy endik etmeli. Bu birnäçe dürli ýokanç keselleriň bedenimize düşmeginden gorar.

Saglyk — ýaşaýşyň sakasy

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreleri döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar. Şol maksat bilen her birimiz şu aşakdakylary berjaý etmelidiris: Agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly.

Pederlerimiziň ýörelgesi rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzda täze mana eýe bolup, sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesiniň töwereginde müňlerçe adamlary birleşdirdi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çäresi mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenýän ajaýyp halkara baýramy – Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs yürekden gutlady. Bu ajaýyp baýram dostlugyň, parahatçylygyň hem-de sportuň belent däplerini dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da berkidýän möhüm waka hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Garaşsyz döwletimiziň sport senenamasyna ajaýyp wakalaryň ençemesi ýazyldy. Türkmenistan dünýä we sebit derejesindäki iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Milletiň saglygy – ýurduň baýlygy

Hormatly Prezidentimiz ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndaky Kazan dikuçar zawody tarapyndan öndürilen täze tiz kömek dikuçary paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasynda görkezildi. Täze dikuçar paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň we ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňýanynda lukmanlara we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy. Ýokary tizlikli dikuçar reanimasiýany, ýokary derejeli bejerişi özünde jemlemek bilen şikes alan raýatlara gönüden-göni ýerlerde ilkinji gyssagly lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik berýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Dikuçaryň iň ýokary tizligi sagatda 275 kilometre, iň uzak uçuş aralygy 510 kilometre barabardyr. Onuň ýere gonýan böleginiň goşmaça enjam bilen üpjün edilmegi bolsa, dikuçaryň dag eteklerine, gum we çöllük hem-de barmasy kyn ýerlere gonmaga mümkinçilik döredýär. Bularyň ählisi bu dikuçaryň ýurdumyzda häzire çenli bar bolan şunuň ýaly dikuçarlardan tapawutly aýratynlygydyr.

Möwsümleýin kesellerden goranalyň

Sowuklamanyň ýylyň islendik paslynda döreýändigini göz öňünde tutup, ondan goranmak üçin her bir adamyň bu keseliň öňüni almak üçin öz saglygyna ünsli çemeleşmegi barada peýdaly maslahatlar berilýär. Ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny wagtly-wagtynda almaly. Howanyň ýagdaýyna görä, laýyk geýinmeli. Üsgürýän adamdan daşrakda bolmaly, elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup durmaly. Köçede, köpçülik ýerlerinde ýanyňyzda hökman çygly arassalaýyş süpürgiçler bolmaly. Howpsuz 2 metr araçägi saklamaly we agyz-burun örtüklerini dakynmaly. Ýaşalýan we işlenilýän otaglaryň howasyny ýygy-ýygydan arassa howa bilen çalşyp durmaly. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly. Ýatmazdan öň arassa howada gezelenç etmeli, sagdyn we dogry iýmitlenmeli. Şahsy gigiýenanyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Witaminlere we mikroelementlere baý iýmitleri köpräk iýmeli. Miweleri, gök önümleri, et, balyk, ýumurtga, sogan, sarymsak, ary baly, hoz we süýt önümlerini kabul etmeli.