Pederlerimiziň ýörelgesi rowaçlanýar

15 Aprel 2021
1157

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzda täze mana eýe bolup, sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesiniň töwereginde müňlerçe adamlary birleşdirdi.

Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çäresi mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenýän ajaýyp halkara baýramy – Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs yürekden gutlady. Bu ajaýyp baýram dostlugyň, parahatçylygyň hem-de sportuň belent däplerini dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da berkidýän möhüm waka hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Garaşsyz döwletimiziň sport senenamasyna ajaýyp wakalaryň ençemesi ýazyldy. Türkmenistan dünýä we sebit derejesindäki iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Beýleki habarlar