Iýmit çygryndaky mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Sebitleýin platforma

19 Aprel 2021
1038

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen pähimden ugur alnyp, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, ýokanç hem ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar.

2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda iýmit bilen baglanyşykly meseleleriň netijeli çözülmegini üpjün etmek maksady bilen, Merkezi Aziýada we Kawkazda iýmit çygrynda mümkinçilikleri hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Sebitleýin platformanyň 3-nji maslahaty geçirildi. Maslahatda dünýädäki pandemiýa bilen baglanyşykly meseleleriň Merkezi Aziýada we Kawkazda iýmit ulgamyna hem-de howpsuzlygyna täsiri, pandemiýa döwründe eneleriňdir çagalaryň iýmitlenmesi, mekdeplerdäki iýmitlenme ýaly meseleler boýunça käbir maslahatlaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, 2019-2020-nji ýyllarda ýetilen sepgitler boýunça maglumatlar, 2020 — 2022-nji ýyllarda teklip edilýän esasy öwrenilmeli meseleler bilen bilelikde sekretariatyň täze başlygyny yglan etmek ýaly meselelere seredildi. Sebitleýin platformanyň sekretariatyna 2021-2022-nji ýyllarda baştutanlyk etmek hem-de Iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Sebitleýin platformanyň alyp barýan işlerini dowam etmek Türkmenistana geçirildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi.
Beýleki habarlar