Sagdyn durmuş ýörelgesi

18 Aprel 2021
1133

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkyň saglygyny gorap saklamakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Sagdyn bolmak üçin adamlar elmydama şahsy gigiýenany berjaý etmelidirler. Gündelik durmuşda peýdalanylýan sabyny, her adama niýetlenilen süpürgiçleri ulanmagy maslahat berýäris. Her bir adam öz maşgalasynyň arasynda arassaçylygy berjaý etmelidir. Her gün işden, daşardan, çagalar bagyndan, mekdepden gelnende, nahar iýmezden öň, nahar iýip bolnandan soň hökman elleri sabynlap ýuwmaly. Ir bilen turanyňyzda , ýatmazdan öň dişleriňizi diş çotgasy we diş pasta bilen arassalap durmagy unutmaň.

Maral ARTYKOWA,
Aşgabat şäherindäki 5-nji Saglyk öýüniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar