Möwsümleýin kesellerden goranalyň

15 Aprel 2021
1099

Sowuklamanyň ýylyň islendik paslynda döreýändigini göz öňünde tutup, ondan goranmak üçin her bir adamyň bu keseliň öňüni almak üçin öz saglygyna ünsli çemeleşmegi barada peýdaly maslahatlar berilýär. Ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny wagtly-wagtynda almaly. Howanyň ýagdaýyna görä, laýyk geýinmeli. Üsgürýän adamdan daşrakda bolmaly, elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup durmaly. Köçede, köpçülik ýerlerinde ýanyňyzda hökman çygly arassalaýyş süpürgiçler bolmaly. Howpsuz 2 metr araçägi saklamaly we agyz-burun örtüklerini dakynmaly.

Ýaşalýan we işlenilýän otaglaryň howasyny ýygy-ýygydan arassa howa bilen çalşyp durmaly. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly. Ýatmazdan öň arassa howada gezelenç etmeli, sagdyn we dogry iýmitlenmeli. Şahsy gigiýenanyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Witaminlere we mikroelementlere baý iýmitleri köpräk iýmeli. Miweleri, gök önümleri, et, balyk, ýumurtga, sogan, sarymsak, ary baly, hoz we süýt önümlerini kabul etmeli.

Sahid ANNANEPESOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar