"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Kesellerden goranalyň!

Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak üçin lukmanlar aşakdaky düzgünleri berjaý etmegi maslahat berýärler: — Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek zerur;

Körpelere okap beriň!

Elleriňi ýuwmaly Şuny ýada sal mydam:Arassaja bol mydam,Ýaltanmazdan elmydam,Elleriňi ýuwmaly.

Ak ýollara rowana — ak şäherim Aşgabat

Golaýda Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň 15-nji Saglyk öýünde Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Ak ýollara rowana — ak şäherim Aşgabat» atly sergi guraldy. Bu çäräniň esasy maksady keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň ynsan ömrüni goramakda örän wajyp ähmiýete eýedigini ilat arasynda wagyz-nesihat etmekden ybaratdyr. Aşgabat häzirki döwürde dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň biri hökmünde giňden tanalýar. Paýtagtymyz dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde 2013-nji ýylda Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni uly şatlyk-şowhun, aýdym-saz bilen giňden baýram edilýär.

Örtügi dogry ulanmagy endik et!

■ Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, aýratyn-da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, şahsy gorag serişdeleri bolan agyz-burun örtüklerini saglygyny goramagyň aladasyny edýän her bir adamyň ulanmagy maksadalaýykdyr. ■ Iň esasy kada: ýokanç kesellerden goranmak üçin diňe lukmançylyk örtüklerinden peýdalanmak ýeterlik däldir. Bu işi 2 metr howpsuz araçägi saklamak, elleriňizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak bilen utgaşdyryň we şu ýönekeý kadalary gündelik endigiňize öwrüň!

Size saglyk ýaran bolsun!

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmaň! Öý we iş otaglaryny ýelejiredip duruň, penjireleri açyp, howasyny çalşyň!

Lukman maslahat berýär

Ulanylan örtügi çalyşanyňyzdan soň eliňizi gowy edip ýuwuň! Mikroorganizmleri ýok etmek maksady bilen tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!

Saglyk — dilimiziň senasy

«Bar zadyň sakasy saglyk» diýýän halkymyz durmuşyň özeni, bedeniň abatlygy hökmünde baş saglygyny herki zatdan ileri goýýar. Sagdyn iýmitlenmek, şahsy gigiýena kadalaryny berjaý etmek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak beden saglygymyzyň gözbaşydyr. Saglyk jemgyýetimiziň ählumumy gymmatlygy hasaplanýar. Jemgyýetiň birsydyrgyn ösüşi, il-günüň bagtyýarlygy ilatyň sagdyn durmuşyna gös-göni baglydyr. Ýurdumyzyň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi, bagtyýar geljegiň, nurly ertirleriň kepili sagdyn jemgyýetiň özeninde ýatandyr. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň hem bir bölümi «Saglyk — abatlyk» diýlip atlandyrylýar. Bölümde: «Sport — saglyk, rowaçlyk. Bular bolsa maksadyň we yhlasyň bitewüleşmeginde hasyl bolýan arzyly maksadymyzdyr» diýen jümleler döwletimiziň öňünde goýýan esasy maksadynyň ilatymyzyň bagtyýarlygyny, jemgyýetimiziň sagdynlygyny üpjün etmäge gönükdirilendiginden habar berýär. Alys zamanlardan bäri saglyk her bir ynsanyň diliniň senasyna öwrülipdir. Başynyň täjine, ömrüniň mazmunyna deňelipdir. Baş saglygy dünýädäki ähli gowulyklaryň, ýagşy amallaryň kerwenbaşysy saýylypdyr. On iki süňňüniň abatlygyny, maşgala saglygyny göz guwanjyna öwren halkymyzda «Giň bolsaň kem bolmaz, sa

Immunizasiýa hepdeligi

KESELIŇ ÖŇÜNI ALYŞ SANJYMLARYNYŇ PEÝDASY Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda halkyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak boýunça zerur çäreler yzygiderli geçirilýär.

Şokoladyň saglyga täsiri

Lukmanyň maslahaty

Şu günler howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli, agyz-burun örtüklerini dakynmak, bellenilen howpsuz aralygy saklamak we pasla görä geýinmek maslahat berilýär.

Saglygy goraýşyň döwrebap derejesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ynsan saglygynyň goraglylygynyň gözbaşynda durýan degişli kanunlar bagtyýar halkymyzyň gymmatly baýlygy bolan saglygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz saglygyň hem ruhubelentligiň sakasy hökmünde bedenterbiýe türgenleşiklerine aýratyn üns berýär. Ilatyň sport bilen meşgullanmagy üçin döwrebap sport desgalaryny gurduryp, arassa howaly jenneti seýilgähleri döredip, olarda halkyň işden boş wagtlaryny gezim edip, sapaly geçirmekleri ugrunda zerur şertleri döredýär. Bularyň ählisi, adam ömrüni uzaltmagyň ajaýyp başlangyjydyr.

Kadaly ukynyň peýdasy

Adamyň sagdyn hem-de netijeli zähmet çekmäge ukyply bolmagy üçin kadaly uky zerur. Uky öz wagtynda we doly alynmaly. Uly adamlar günüň dowamynda 8, çagalar bolsa 10 sagat uklamaly. Adam uklap ýatan mahaly, onuň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi seljerme tapgyryna girişip, dürli gyjyndyryjylara täsirini peseldýär. Belli bir sesleri, yşyklary ukudaky adam saýgarmaýar. Ýürek, gan-damar, dem alyş we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işi sazlaşykly hereket edýär. Gündizki arakesme döwri adam 15 — 45 minudyň dowamynda gözlerine dynç bermeli ýa-da uklamaly. Uky wagtynda beden rahatlanýar we ähli ulgamlarynyň işjeňligi kadalaşýar. Hut şonuň üçin hem zähmet bilen dynç alşy sazlaşdyryp, öz wagtynda doly ukyňy almak zerur. Uky beden üçin kislorodyň zerur bolşy ýaly, merkezi nerw ulgamynyň kadaly işlemegi üçin hökmandyr. Ukynyň rahat bolmagy üçin agşam ýatmazdan öň, agyr siňýän tagamlary iýmezlige çalyşmaly. Ýatmazdan öň, azyndan bir bulgur arassa agyz suwuny ýa-da gatyk içmek, arassa howada pyýada gezelenç etmek saglyk üçin peýdalydyr. Kadaly uky süňňüň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar. Ukynyň kadaly bolmagy sagdynlygyň girewidir. Kesellerden goranmagy daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, 2 metr howpsuz aralygy sakla

Saglyk — gymmatly baýlyk

Şu günler Bäherden etrabyndaky bilim edaralarynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen täsirli maslahatlar geçirilýär. Bilim işgärleridir ýokary synp mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda şeýle maslahatlar etrap merkezindäki 23-nji, 27-nji orta mekdeplerde-de guraldy. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda bolan maslahatda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, saglygy goraýyş işgärleriniň çykyşlary diňlendi. Çykyşlarda howanyň gyzyp başlamagy bilen baglylykda, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmakda, ilkinji nobatda, berjaý edilmeli düzgündir kadalar barada durlup geçildi. Ýokumlara baý bolan dürli miweler, gök-bakja önümleri bilen iýmitlenmegiň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeginiň, ýaramaz endiklerden daşda bolmagyň ähmiýeti barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Magtymguly saglyk barada

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýuny mynasyp bellemäge ykjam taýýarlyk görülýär. Şonuň bilen birlikde, şahyryň ömrüni we döredijiligini çuňňur öwrenmek hem dowam etdirilýär. Magtymguly atamyzyň döredijiligine, ylmy taglymatyna bagyşlanyp geçirilýän halkara maslahatlaryň sany barha köpelýär. Akyldar şahyrymyzyň ömür döredijiligi, dana pikirleri, ajaýyp taglymatlary diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, dünýä içre, halkara derejesinde çuňňur öwrenilýändigi oňa goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Şeýle hem dünýä içre sarpaly akyldar şahyrymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan saglyk baradaky pikirleri hem ynsanyýete baky peşgeşdir. Magtymguly Pyragy şahyrana döredijiliginde sagdynlygy we ruhubelentligi, sagdyn durmuş ýörelgesini ilkinji nobatda goýupdyr. Akyldar şahyr şygyr setirlerinde: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun», «Dürdür bu janyň lezzeti, // Saglyk onuň soltanydyr» diýip, ýaş-juwanlygyňdan tä garrylyga çenli saglygyň gadyryny bilmegi, ony gorap saklamagy nesihat edipdir.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň! * * *

Ygtybarly immunizasiýa ulgamy adamlaryň saglygynyň kepilidir

Köp ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 26-njy aprelden 2-nji maýa çenli aralykda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Çäräniň maksady sanjym arkaly öňüni alşyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmakdan, immunizasiýa babatda sowatly hem-de ynamly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr. Immunizasiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň möhüm ugurlary ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmakda we raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmakda hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde jemlenýär.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Welosipedli gezelenç etmegiň saglygymyza peýdasy

Welosiped sürmek adam bedeni üçin iň peýdaly sport görnüşleriniň biridir. Sportuň bu görnüşi Ýer ýüzünde barha meşhurlyga eýe bolýar. Çünki welosport tutuş bedeni türgenleşdirýär. Onuň peýdaly taraplary barada käbir gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. Welosiped sürmek bedene agram salmazdan kaloriýany aňsatlyk bilen ýakmaga kömek edýär. Gündelik aladalaryň netijesinde dörän dartgynlylygy aradan aýyrýar. Işdäňi sazlaýar. Surreý uniwersitetiniň bilermenleriniň geçiren ylmy barlaglary welosiped sürmegiň işdäni durnukly ýagdaýda saklamaga kömek edýändigini görkezdi. Synaga gatnaşan adamlar ertirlik naharyny şol bir görnüşde iýdiler, soň bolsa toparlara bölündiler. Bir topar dynç aldy, ikinji topar welosipedli gezelenç etdi. Şonuň netijesinde, alymlar açlygyňy peseldýän gormony işjeňleşdirmek üçin bir sagat welosiped sürmegiň ýeterlikdigini anykladylar.

Saglygym — baş baýlygym

■ Öýüň içini her gün tämizlemeli hem-de arassa howa girer ýaly, ýelejiretmeli. Aşhana enjamlary gyzgyn suw bilen ýuwulmalydyr. Tämizleýji serişdeler ulanylanda, elleriňize ýörite arassaçylyk işlerini geçirmek üçin niýetlenen ellikleri geýmegi unutmaň! ■ Şahsy arassaçylygy berjaý etmekde maşgala agzalarynyň her biriniň aýratynlykda süpürgijiniň, elýaglygynyň bolmagy hökmanydyr. Elýaglyklar her gezek ýuwlansoň, ütüklenilse talabalaýyk bolar.

Sagdyn iýmitleniň, sagdyn boluň!

Saglygyň sakasy — talabalaýyk iýmitlenmek. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagdynlygy üpjün edýär. Gün içinde dört-bäş gezek, dürli naharlardan az-azdan naharlanmaly. Naharyň gapdalyndan gök önümler, miweler iýilse, şerbetler, arassa suw içilse has gowy. Naharlanylanda howlukman, oňat çeýnelip iýilse peýdaly. Çaýy nahar iýlip bolandan ýarym sagat geçenden soň içmeli.