Örtügi dogry ulanmagy endik et!

28 Aprel 2021
814

■ Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, aýratyn-da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, şahsy gorag serişdeleri bolan agyz-burun örtüklerini saglygyny goramagyň aladasyny edýän her bir adamyň ulanmagy maksadalaýykdyr.

■ Iň esasy kada: ýokanç kesellerden goranmak üçin diňe lukmançylyk örtüklerinden peýdalanmak ýeterlik däldir. Bu işi 2 metr howpsuz araçägi saklamak, elleriňizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak bilen utgaşdyryň we şu ýönekeý kadalary gündelik endigiňize öwrüň!

Beýleki habarlar