Kadaly ukynyň peýdasy

28 Aprel 2021
1121

Adamyň sagdyn hem-de netijeli zähmet çekmäge ukyply bolmagy üçin kadaly uky zerur. Uky öz wagtynda we doly alynmaly. Uly adamlar günüň dowamynda 8, çagalar bolsa 10 sagat uklamaly. Adam uklap ýatan mahaly, onuň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi seljerme tapgyryna girişip, dürli gyjyndyryjylara täsirini peseldýär. Belli bir sesleri, yşyklary ukudaky adam saýgarmaýar. Ýürek, gan-damar, dem alyş we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işi sazlaşykly hereket edýär. Gündizki arakesme döwri adam 15 — 45 minudyň dowamynda gözlerine dynç bermeli ýa-da uklamaly. Uky wagtynda beden rahatlanýar we ähli ulgamlarynyň işjeňligi kadalaşýar. Hut şonuň üçin hem zähmet bilen dynç alşy sazlaşdyryp, öz wagtynda doly ukyňy almak zerur. Uky beden üçin kislorodyň zerur bolşy ýaly, merkezi nerw ulgamynyň kadaly işlemegi üçin hökmandyr. Ukynyň rahat bolmagy üçin agşam ýatmazdan öň, agyr siňýän tagamlary iýmezlige çalyşmaly. Ýatmazdan öň, azyndan bir bulgur arassa agyz suwuny ýa-da gatyk içmek, arassa howada pyýada gezelenç etmek saglyk üçin peýdalydyr. Kadaly uky süňňüň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar. Ukynyň kadaly bolmagy sagdynlygyň girewidir.

Kesellerden goranmagy daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, 2 metr howpsuz aralygy saklamak bilen utgaşdyryň! Eger-de nähoşlugyň ilkinji alamatlaryny duýsaňyz, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar