Saglyk — dilimiziň senasy

28 Aprel 2021
1006

«Bar zadyň sakasy saglyk» diýýän halkymyz durmuşyň özeni, bedeniň abatlygy hökmünde baş saglygyny herki zatdan ileri goýýar. Sagdyn iýmitlenmek, şahsy gigiýena kadalaryny berjaý etmek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak beden saglygymyzyň gözbaşydyr. Saglyk jemgyýetimiziň ählumumy gymmatlygy hasaplanýar. Jemgyýetiň birsydyrgyn ösüşi, il-günüň bagtyýarlygy ilatyň sagdyn durmuşyna gös-göni baglydyr. Ýurdumyzyň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi, bagtyýar geljegiň, nurly ertirleriň kepili sagdyn jemgyýetiň özeninde ýatandyr.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň hem bir bölümi «Saglyk — abatlyk» diýlip atlandyrylýar. Bölümde: «Sport — saglyk, rowaçlyk. Bular bolsa maksadyň we yhlasyň bitewüleşmeginde hasyl bolýan arzyly maksadymyzdyr» diýen jümleler döwletimiziň öňünde goýýan esasy maksadynyň ilatymyzyň bagtyýarlygyny, jemgyýetimiziň sagdynlygyny üpjün etmäge gönükdirilendiginden habar berýär. Alys zamanlardan bäri saglyk her bir ynsanyň diliniň senasyna öwrülipdir. Başynyň täjine, ömrüniň mazmunyna deňelipdir. Baş saglygy dünýädäki ähli gowulyklaryň, ýagşy amallaryň kerwenbaşysy saýylypdyr. On iki süňňüniň abatlygyny, maşgala saglygyny göz guwanjyna öwren halkymyzda «Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz», «Sag başym — aman başym» ýaly ajaýyp sözler bar.

Mähri GAÝYPOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar