"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Muny bilmek gyzykly

Şugundyryň suwy saglygy berkidýär Şugundyryň suwy ýürek-damar ulgamynyň we beýniniň işine oňyn täsir edýär. Bu täsir käbir himiki maddalaryň beden tarapyndan gaýtadan işlenmegi bilen baglydyr. Saglygy berkitmek üçin şugundyr suwuny 10 gün içmek hem ýeterlik bolup biler. Çünki içgi bary-ýogy 10 günde-de agyz boşlugynyň we içegeleriň mikrobiomasyny ep-esli derejede üýtgedip bilýär.

Rahatlyk we sagdynlyk

«Aýdym diňlemek ömrüňi uzaldýar» diýip, örän dogry belläpdirler. Sebäbi aýdym-saz ynsan saglygyna oňyn täsir edýär, rahatlandyrýar. Ýöne aýdym-sazy gulaklyklarda, onda-da has belent ses bilen diňlemek saglygymyza düzedip bolmajak derejede zyýan ýetirýär. Gulaklyklar hem edil elektrobyçgy hem-de motosikl ýaly, eşidişimize ep-esli derejede zeper ýetirýär. Elektrobyçgy we motosikl takmynan 100 desibel ses çykarýar. Şeýle güýçli ses ýarym sagadyň içinde adamyň eşidişine zeper ýetirip bilýär. Çünki gulaklykdaky iň güýçli sesi 75 göterim derejesinde diňlänimizde hem gulagymyza 85 desibel beýiklikde ses barýar. Sesiň gatalmagy we uzak wagtlap diňlemek eşidişiň hemişelik ýitmegi ýaly howpa sebäp bolup biler.

Zyýanly endiklerden daş duruň!

Hormatly Prezidentimiziň tutumly işleriniň ählisi halkynyň bolelin, eşretli, asuda durmuşda ýaşamagyna, ýaşlaryň ylymly, bilimli, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Ýurdumyzda ýaşlary bedenterbiýä we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, zyýanly endiklere garşy göreşmekde gerimli wagyz-nesihat çäreleri amala aşyrylýar. Her ýylyň maý aýynda ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmek boýunça giň möçberli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Lukman maslahat berýär

Günüň dowamynda birnäçe gezek elleriňizi sabynlap ýuwmagy endik edinmeli, üst-başyňy, eşigiňi arassa saklamaly we möwsüme görä geýinmeli. Günüň dowamynda ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlary wagtly-wagtynda edinmegi ýatdan çykarmaly däl. Iýmitde gök önümler, miweler agdyklyk etmeli. Gök önümleri, miweleri iýmezden öň akar suwda birnäçe gezek ýuwmaly. Günüň dowamynda 2 — 3 litre golaý arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy içmeli. Çagalaryň ýanynda arassa agyz suwuň ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwuň hökman bolmagyny ene-atalar üpjün etmeli. Kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Irdenki maşklary ýerine ýetirmeklik işdäniň açylmagyna, şähdaçyk, işjeň bolmagyňa getirýär. Eziz ildeşler, elleriňizi arassa saklasaňyz, agyz-burun örtüklerini peýdalansaňyz, howpsuz araçägi berjaý etseňiz sagdynlyk siziň hemraňyz bolar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Wekilbazar etrap hassahanasyna tejribeli lukman Şamyrat Şyhlyýew ýolbaşçylyk edýär. Hassahanada, ilatyň saglygy ugrunda 13 bölüm hereketde. Hassahananyň ak ýektaýly lukmanlary, şepagat uýalary “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, ynsan saglygyny dikeltmekde agzybirlikli işleýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň özleri barada döredýän mümkinçiliklerine yhlasly zähmetleri bilen jogap berýärler. Lukman Hekimiň kasamyna eýerip işleýän hassahananyň işgärleri Arkadag Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerine döredijilikli zähmetleri bilen jogap berýärler. Bu ýerde işine werziş lukmanlaryň birnäçesi bar. Olardan ultrases barlag, otag lukmany Mähri Bazarowanyň, diş lukmany Iner Amangeldiýewiň we beýleki lukmanlaryň halkyň alkyşyna eýe bolýandygyna göz ýetirdik.

Tutumly işler

Ata Watanymyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýşyny, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini her bir raýatyň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak arkaly ilatyň sagdyn we uzak ýaşamagyny gazanmak üçin döwlet möçberinde tutumly işler amala aşyrylýar. Sport we bedenterbiýe çalt depgin bilen ösdürilýär. Kesel dörediji ýokançlary ýok etmäge mümkinçilik berýän arassaçylyk çäreleri geçirilýär. Zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar, agyz suwunyň we iýmit önümleriniň hiline yzygiderli gözegçilik edilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde işläp düzen, Türkmenistanda “Sagdyn mekdep” we “Sagdyn uniwersitet” ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamalary hereket edýär. Maksatnamalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini, olaryň sagdyn ýaşamagy, iýmitlenmegi boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak maksady bilen işlenip düzüldi.

Gymmatly hazyna

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, adam döwletiň we jemgyýetiň gymmatly hazynasydyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň halkyň saglygyny goramak, berkitmek bilen bagly köpugurly tagallalary il-günümiziň saglykda döredijilikli zähmet çekip, abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu bähbitli işler Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak, şahsy gigiýenanyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmek diňe bir öz saglygymyzy goramak bilen çäklenmän, beýleki adamlaryňam, ilkinji nobatda öz ýakynlarymyzyňam saglygyny goramaga ýardam etmekdir. Şonuň üçinem şu günki gün derwaýys meselä öwrülen jogapkärli wezipäniň oňyn çözgüdi bilen bagly netijeli işler etrabymyzda-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkynyň “Saglyk — beglik” diýen pähime eýermegi ýöne ýerden däldir. Sebäbi saglygymyz gymmatly hazynamyzdyr. Gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan saglygymyzy goramak bolsa özümize baglydyr.

Hözirli ýaşaýyş

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimizde ähli ugurlar boýunça düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halky rahat durmuşda döredijilikli zähmet çekip, abadan geljegine barýar. Bagtyýarlyk zamanamyzyň rowaçlanmagynda ýurdumyzda sagdyn durmuşyň dabaralanmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Milli Liderimiziň neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy yglan eden aýgytly göreşi bu wajyp meselede uly üstünlikleriň gazanylmagyna mümkinçilik berdi. Bu wajyp meseläniň oňyn çözgüdine gönükdirilen çärelerde ýurt Baştutanymyzyň neşekeşlige ulaşan adamyň döwletimize-de, jemgyýetimize-de, maşgalasyna-da haýyrly adam bolup bilmejekdigi barada aýdanlaryndan ugur alynýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da neşekeşlige garşy göreşe uly üns berlip, bu işe saldamly goşandymyzy goşmak bolsa, her birimiziň borjumyzdyr.

Geljekki nesliň aladasynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ata Watanymyza wepaly, il-günümize gerekli nesilleri kemala getirmek hem-de olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen gözel Diýarymyzda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa biziň bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly bolmagyna getirýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda- -da Ýolöten etrabyndaky 46-njy orta mekdepde öz işiniň ussady, göreldeli, işbaşarjaň mugallymlaryň ençemesi işleýär. Olar mekdep müdiri Amangeldi Döwletowyň olara ýolbaşçylyk etmeginde, okuwçylara döwrebap bilim berýärler. Mugallymlar ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň täzeçe ýollarynyň gözleginde bolýarlar. Şeýle aladalar bilen çagalary gurşap alýan mugallymlaryň biri hem Jeren Çaryýewadyr.

Sazlaşykly işleriň ähmiýeti

Bagtyýar geljege tarap uly ynam bilen öňe barýan eziz halkymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda asuda, abadan, eşretli durmuşda ýaşaýar. Bedew bady bilen gülläp ösýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar boýunça ösüşler, özgerişler gazanylýar. Iň gymmatly baýlyk hasaplanylýan ynsan saglygyny goramak, berkitmek, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň baş wezipeleriniň biridir.

Ýurdumyza Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi

AŞGABAT, 9-njy maý (TDH). Şu gün COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi. Mälim bolşy ýaly, 6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylyk ulgamynda, hususan-da, dünýäni gurşap alan koronawirus ýokanjyna garşy bilelikde göreşmekde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlaryna garaldy.

Limonyň peýdasy

Limon sitrus miweleriniň arasynda iň peýdalylarynyň biridir. Ol witaminleriň, ýokumly maddalaryň uly möçberiniň çeşmesi hasaplanýar. Onuň düzüminde demir, fosfor, kaliý we natriý saklanýar. Limonyň adam bedenine peýdasy örän köpdür. — Ol bedeniň ýokanç kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde limon taýsyz serişdedir.

Saglyk iň uly baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Saglygym — baş baýlygym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşini belent derejelere ýetirmek, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adamlaryň saglygyny gorap saklamak wezipeleri döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň çar künjünde hem-de paýtagtymyzda täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk öýleridir merkezleri, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar we beýleki saglygy goraýyş binalary gurlup ulanmaga berildi. Bular halkymyzyň sagdynlygyny üpjün etmäge, Watanymyzy gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmäge we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmaga gönükdirilen işlerdir.

Türkmenistan — saglygyň ýurdy

Şypahana ulgamy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Bagabat», «Arçman» we «Ýyly suw», Balkan welaýatyndaky «Mollagara», «Awaza», Daşoguz welaýatyndaky «Daşoguz», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly» hem-de Aşgabat şäherindäki «Berzeňňi» şypahanalary raýatlarymyzyň saglygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda gözel tebigaty hem-de dag howasynyň ajaýyplygy bilen tapawutlanýan Köýtendagyň çäklerinde hem şypahana gurmak meýilleşdirilýär. Bu günki gün güneşli Diýarymyzda döwrebap şypahanalarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däp bolan usullary, şeýle hem ýokary netijeliligini subut eden innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy hem howa şertleri bilen utgaşdyrylýar. Bejeriş we öňüni alyş edaralarynyň ýokary tehnologik üpjünçiligi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üýtgewsiz talaby bolup durýar. Şypahanalarda Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Slowakiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnan täze lukmançylyk enjamlarynyň oturdylmagy, şeýle hem bejermegiň döwrebap usullarynyň ulanylmagy netijesinde, fizioterapiýa we suw bilen bejeriş, d

Örtügi dogry ulanmagy endik et!

■ Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, aýratyn-da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, şahsy gorag serişdeleri bolan agyz-burun örtüklerini saglygyny goramagyň aladasyny edýän her bir adamyň ulanmagy maksadalaýykdyr. ■ Iň esasy kada: ýokanç kesellerden goranmak üçin diňe lukmançylyk örtüklerinden peýdalanmak ýeterlik däldir. Bu işi 2 metr howpsuz araçägi saklamak, elleriňizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak bilen utgaşdyryň we şu ýönekeý kadalary gündelik endigiňize öwrüň!

Saglyk — iň gymmatly baýlyk

1. Arassaçylyk tertipdüzgünlerine hemişe üns bermeli: elleri ýygyýygydan sabyn bilen ýuwmaly ýada zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. 2. Witaminlere we mikroelementlere baý gök önümleri, süýt we süýt önümlerini, ter we kakadylan miweleri iýmeli. Saglyk üçin limonly, itburunly, bally çaý, dürli miweleriň ter şireleri örän peýdalydyr.

Sagdyn durmuş — sagdyn jemgyýet

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn durmuş — sagdyn jemgyýet» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde geçirilen çärede çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň ähmiýeti dogrusynda durup geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmalydygyny nygtadylar.

Saglyk size ýaran bolsun!

Agyz-burun örtügini dakynmaly. Bir gezeklik ulanylýan agyz-burun örtüklerini her iki sagatdan çalyşmaly. Elmydama elleriňi arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.