Tutumly işler

10 Maý 2021
819

Ata Watanymyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýşyny, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini her bir raýatyň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak arkaly ilatyň sagdyn we uzak ýaşamagyny gazanmak üçin döwlet möçberinde tutumly işler amala aşyrylýar. Sport we bedenterbiýe çalt depgin bilen ösdürilýär. Kesel dörediji ýokançlary ýok etmäge mümkinçilik berýän arassaçylyk çäreleri geçirilýär. Zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar, agyz suwunyň we iýmit önümleriniň hiline yzygiderli gözegçilik edilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde işläp düzen, Türkmenistanda “Sagdyn mekdep” we “Sagdyn uniwersitet” ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamalary hereket edýär. Maksatnamalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini, olaryň sagdyn ýaşamagy, iýmitlenmegi boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak maksady bilen işlenip düzüldi.

Beýleki habarlar