Hözirli ýaşaýyş

10 Maý 2021
864

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimizde ähli ugurlar boýunça düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halky rahat durmuşda döredijilikli zähmet çekip, abadan geljegine barýar. Bagtyýarlyk zamanamyzyň rowaçlanmagynda ýurdumyzda sagdyn durmuşyň dabaralanmagynyň ähmiýeti örän uludyr.

Milli Liderimiziň neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy yglan eden aýgytly göreşi bu wajyp meselede uly üstünlikleriň gazanylmagyna mümkinçilik berdi. Bu wajyp meseläniň oňyn çözgüdine gönükdirilen çärelerde ýurt Baştutanymyzyň neşekeşlige ulaşan adamyň döwletimize-de, jemgyýetimize-de, maşgalasyna-da haýyrly adam bolup bilmejekdigi barada aýdanlaryndan ugur alynýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da neşekeşlige garşy göreşe uly üns berlip, bu işe saldamly goşandymyzy goşmak bolsa, her birimiziň borjumyzdyr.

Beýleki habarlar