"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Tür­gen­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ry ga­za­nan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň we Gah­ry­man Arkadagymyzyň adyn­dan sow­gat­lar, şeý­le-de hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by gow­şu­ryl­dy.

Ruhubelentligiň sakasy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek, ony berk ber­jaý et­mek sag­dyn ýaşaýşyň esa­sy şer­ti­dir. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri gün­de­lik en­di­ge öw­rü­len­de ola­ry hök­ma­ny su­rat­da ýe­ri­ne ýe­tir­me­li diý­len dü­şün­jä­niň, gün­de­lik iş me­ýil­na­ma­la­ry­myz­dan aý­ra­tyn wagt aýyr­ma­gyň ze­rur­ly­gy hem bol­ma­ýar. Çün­ki en­di­ge öw­rü­len he­re­ket­ler özüň­de bi­yg­ty­ýar gaý­ta­lan­ýar. Ola­ry dur­mu­şy­myz bi­len bag­la­nyş­dy­ra­ny­myz­da zäh­met bi­len dynç al­şyň saz­la­şy­gy üp­jün edil­ýär hem-de ru­hu­be­lent­li­ge ýol açyl­ýar.

Täze sport mümkinçilikleriniň şäheri

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Aş­ga­bat­da bo­lup ge­çen mej­li­sin­de ak şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dyň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­lip yg­lan edil­me­gi, ýur­du­my­zyň äh­li ra­ýat­la­ry bi­len bi­le­lik­de, biz — sport ul­ga­my­nyň hü­när­men­le­ri­ni hem tüýs ýü­rek­den buý­san­dy­ryp, kö­ňül şat­ly­gy­na bes­le­di. Bu ýe­ti­len be­lent sep­git­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ryn­dan göz­baş al­ýan, «Ýo­ka­ry sport­da Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä­de giň­den ta­nat­mak me­niň esa­sy mak­sat­la­ry­myň bi­ri­dir» diý­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi bi­ziň her bi­ri­miz üçin be­lent buý­sanç­dyr, eg­sil­mez mer­te­be­dir.

Ten­nis top­lu­my­ — Azi­ýa se­bi­ti­niň okuw-tür­gen­le­şik mer­ke­zi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Azi­ýa­nyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ten­nis top­lu­my­ny «Ten­nis bo­ýun­ça Azi­ýa se­bi­ti­niň okuw-tür­gen­le­şik mer­ke­zi» di­ýip yg­lan et­me­gi ýur­du­myz­da spor­ta go­ýul­ýan be­lent sar­pa­nyň, döw­le­ti­mi­ziň üs­tün­lik­li alyp bar­ýan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dün­ýä­niň giň sport jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýän ýe­ne-de bir aja­ýyp hem-de buý­san­dy­ry­jy wa­ka bol­dy.

Belent sepgitler, aýdyň netijeler

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gahryman Arkadagymyzyň ba­şy­ny baş­la­ma­gyn­da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dur­mu­şa ge­çir­ýän ägirt uly ta­gal­la­la­ry esa­syn­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de her ta­rap­la­ýyn ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Şol san­da mil­li sport­da, Türk­me­nis­ta­nyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny dün­ýä giň­den ýaý­mak­da be­lent sep­git­lere ýetilýär.

Planetanyň sport baýramy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan ýe­ri

Bedenterbiýe, sport we saglyk

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Be­den­ter­bi­ýe we sport jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän gym­mat­lyk­dyr. Türk­me­nis­tan­da bu ul­ga­my gün­sa­ýyn ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça sport bäs­le­şik­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.

«Soňky jaň» dabaralary geçirildi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Di­ýa­ry­my­zyň bi­lim ul­ga­my uly ösüş­le­re eýe bol­ýar. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de oka­mak, öw­ren­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri bo­lan tä­ze mek­dep­ler açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär, öň­ki bi­lim eda­ra­la­ry­nyň dur­ky tä­ze­len­ýär. Bu müm­kin­çi­lik­ler ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim­le­ri öz­leş­dir­mek­le­rin­de, kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ele al­mak­la­ryn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň sport­da we dö­re­di­ji­lik­de ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak­la­ry­na iter­ýär.

Pa­riž­de geç­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­jak türk­men dzýu­do­çy­la­ry bel­li bol­dy

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Türk­men dzýu­do­çy­la­ry dört­ ýyl­yň iň uly sport baý­ram­çy­ly­gy­na — 2024-nji ýyl­da Pa­riž­de ge­çi­ril­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­ly­gyň jem­leý­ji tap­gy­ry­ny geç­ýär­ler. Oýun­lar 26-njy iýul — 11-nji aw­gust ara­ly­gyn­da ge­çer.

«Olimp» orta sport mekdebi — bäsleşigiň ýeňijisi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Ýo­ka­ry sport­da Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä ta­nat­mak me­niň esa­sy mak­sat­la­ry­myň bi­ri­dir» diý­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len, ýur­du­myz­da gel­jek­ki olim­pi­ýa­çy tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak ba­bat­da ýo­ka­ry dep­gin­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat mer­kez­le­ri­miz­de ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri he­re­ket ed­ýär.

Sport ul­ga­myn­da­ky ösüş­le­r

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­la­ma­gy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etmegi bi­len ýur­du­myz­da döw­le­ti­mi­ziň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny giň­den da­ba­ra­lan­dyr­ýan iri sport çä­re­le­ri, bäs­le­şik­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.

Türkmen sporty rowaçlanýar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak ynsan saglygy üçin ähmiýetlidir. Bu babatda ýurdumyzda giň möçberli işler alnyp barylýar, halkara talaplara laýyk gelýän milli sport ulgamy döredilýär.

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde adamyň saglygy biziň asuda hem-de jebis jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň asylly göreldelerine eýerip, bu günki günde türkmen jemgyýeti sagdyn durmuş ýörelgesini hemmetaraplaýyn ileri tutýar.

Aşgabat — sport şäheri

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 20-nji aprelde Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan birnäçe hokkeý toparlaryny paýtagtymyza jemlän, özboluşly sport baýramçylygyna öwrülen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu iri ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň, dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrylýan strategiýanyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy.

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 3-nji iýu­ny «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan pa­ra­hat­çy­lyk, şeý­le-de eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sat­la­ry­ny dün­ýä äş­gär et­di. Şol gü­n, ýag­ny her ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi­ni ge­çir­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň we Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hut özleri­niň wa­tan­daş­la­ry­myz bi­len bi­le­lik­de köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­re gat­naş­ýan­dy­gy bol­sa ýur­du­myz­da sa­gal­dyş he­ret­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, we­lo­si­ped spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na, tä­ze eko­lo­gi­ýa ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne, daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­ma­ga jem­gy­ýe­tiň jo­gap­kär­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ça­gy­ryş bo­lup dur­

Ýe­ňi­ji­ler sy­lag­la­nyl­dy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Da­ba­ra­ly çä­rä Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, tür­gen­ler, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky sport mek­dep­le­ri­niň tür­gen­le­ri, ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar.

Türgenleriň taýýarlygy esasynda ýeňiş gazanmagyň ygtybarly ýollary

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň esas­la­ry­nyň yk­rar edil­me­gi­ne, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len bi­möç­ber ala­da­lar ne­ti­je­sin­de Türkmenistanyň hal­ky, şol san­da ýaş­lar ta­ra­pyn­dan be­den­ter­bi­ýä, spor­ta uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da ýaş ýet­gin­jek­le­riň spor­ty saý­lap al­mak­da nus­ga­lyk gör­ke­zi­ji­le­ri­ni yl­my esas­da öz­leş­dir­mek hü­när­men­le­riň we alym­la­ryň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Çün­ki tür­gen­le­riň sport bäs­le­şik­le­rin­de gör­kez­jek ne­ti­je­le­ri hut şo­nuň bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ha­kyn­da­ky köp­ýyl­lyk mak­sat­na­ma­syn­da hem gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ýet­gin­jek­le­riň be­den ösü­şi­ni we ola­ryň fi­zi­ki he­re­ket­le­re ukyp­la­ry­ny yl­my esa­s­da öw­ren­mek­ aý­ra­tyn nyg­tal­ýar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň halkara hyzmatdaşlygy

Arkadag sahawaty ― bagtyýar çagalaryň köňül buýsanjy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­la­ma­gyn­da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da, ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň bagt­ly, şa­dy­ýan we sag­dyn gel­je­gi ba­bat­da ägirt uly ta­gal­la­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da gu­ral­ýan Türk­me­nis­ta­nyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dyr­ýan iri sport çä­re­le­ri, bäs­le­şik­le­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.

Yk­lym­la­ry bir­leş­di­ren hokkeý ýa­ryşy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Preziden­ti­miziň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çirýän top­lum­la­ýyn işleriniň ne­ti­je­sin­de, türk­men spor­ty hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­dy. Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň ag­za­sy bo­lan ýur­du­myz Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar. Türk­me­nis­tan sport müm­kin­çi­lik­le­ri­ni pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem dost­lu­gyň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­rip, il­kin­ji no­bat­da, dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar.