«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Aşgabatda bolup geçen mejlisinde ak şäherimiz Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň ähli raýatlary bilen bilelikde, biz — sport ulgamynyň hünärmenlerini hem tüýs ýürekden buýsandyryp, köňül şatlygyna besledi. Bu ýetilen belent sepgitde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alýan, «Ýokary sportda Türkmenistany dünýäde giňden tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň möhüm orun eýeleýändigi biziň her birimiz üçin belent buýsançdyr, egsilmez mertebedir.