«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024
Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Türkmenistanda bu ulgamy günsaýyn ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.