«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby gowşuryldy.