«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk, şeýle-de ekologiýa syýasatlaryny dünýä äşgär etdi. Şol gün, ýagny her ýylyň 3-nji iýunynda köpçülikleýin welosipedli ýörişini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň hut özleriniň watandaşlarymyz bilen bilelikde köpçülikleýin çärelere gatnaşýandygy bolsa ýurdumyzda sagaldyş heretleriniň ösdürilmegine, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyna, täze ekologiýa garaýyşlarynyň kemala gelmegine, daşky gurşawy gorap saklamaga jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlanmagyna çagyryş bolup durýar.