"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Edebi-döredijilik bäsleşigi jemlenildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy: döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda okuw we hünär tejribeliginiň orny» atly okuw-usuly maslahaty we edebi-döredijilik işleriniň bäsleşigi geçirildi. Maslahat bilen ugurdaşlykda geçirilen bäsleşikde ýeňijiler ýokary okuw mekdepleri, orta hünär okuw mekdepleri we umumybilim berýän orta mekdepler boýunça aýry-aýrylykda yglan edildi.

Kämilligiň berk binýady

Görkezme esbaplaryndan peýdalanmagyň ähmiýeti

Körpeleriň ýaşy ulaldygyça, olaryň gyzyklanmalary we bilmäge bolan höwesleri has hem artýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mekdebe taýýarlaýyş topary bolsa körpäniň agzalýan ýaş aýratynlyklaryna gabat gelýän döwürleri bolýar. Şonda çagalar bilen guralýan her bir sapaga örän usully çemeleşmek möhümdir. Bu döwür çaganyň öwredeniňi özleşdirýän döwri hasaplanylýar. Olaryň gündelik durmuşlarynda, öýde oýun oýnanlarynda bolsa san sanap, hasaplamaga bolan zerurlyklary has hem artýar. Munuň özi terbiýeçilerden çagalara ýönekeý hasaplamalary öwretmek bilen baglanyşykly guraýan sapaklaryna örän guramaçylykly çemeleşmeklerini talap edýär. Körpelere bu döwürde ýatdan hasaplamak endiklerini öwretmek kyn bolýar. Olar muny doly özleşdirip bilmeýärler. Şonuň üçin terbiýeçi görkezme esbaplaryndan peýdalanmaly bolýar. Has takygy, her gezekki sapakda görkezme esbaplarynyň üýtgedilip durulmagy çaga üçin has-da peýdaly bolýar, sebäbi olar her gezek dürli-dürli şekiller, görnüşler bilen tanyşmaga mümkinçilik alyp bilýärler. Ýyllyk düzülýän meýilnama boýunça çagalara ýönekeý hasaplamalary öwretmekde dürli temalar bellenilýär. Ilkinji basgançakda bolsa, sanlary we sanamagy öwretmek has zerurdyr. Terbiýeçi sapagy dürli-dürli gurap biler, emma onuň her gezekki s

Ýaş alymlaryň sergi bäsleşigi geçirilýär

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde bilim beriş işinden daşary ýaşlary ylma we döredijilige höweslendirmek maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär. Şu günlerde bolsa institutymyzda «Zehinli ýaşlar ― ylym-bilim, tehnologiýalar äleminde» atly bäsleşik dowam edýär. Ýaşlary ylmy-barlag işlerine çekmek, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnaşýar.

Üstünligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler aýratyn many-mazmun bilen baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiz döwletiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlar barada öňdengörüjilikli döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Bu syýasat ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri üçin zerur bolan şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ylym-bilimde ýaşlara döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin beýan edilýär.

Çagalaryň şadyýan bäsleşigi

Geçen hepdäniň anna güni paýtagtymyzda ýerleşýän «Watan» kinokonsert merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aşgabat, Arkadag şäherlerinden we welaýatlardan birinji we ikinji orna mynasyp bolan gyzjagazlaryň 14-si gatnaşdy. Bu bäsleşik her ýylda Milli bahar baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralýar. Bu bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim alýan 2 — 4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň gatnaşmagynda geçirilýär.

Edebiýat sapagynda Annagylyç Mätäjiniň döredijiligini öwretmek

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Orta mekdeplerde okadylýan edebiýat sapagy hem, çeper edebiýatymyz barada düşünje bermek bilen bir hatarda, ýaşlarda belent adamkärçiligi terbiýeleýär. Edebiýat sapagynda okuwçylar şöhratly taryhymyzda ajaýyp eserleri döreden şahyrlarymyz, akyldarlarymyz bilen tanyş bolýarlar. Orta mekdepleriň 5-nji synpynda XIX asyrda ýaşan Annagylyç Mätäjiniň ömri we döredijiligi öwredilip, ol okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Sapagy guramaçylykly geçmek üçin okuw kitaby, Mätäjiniň goşgular ýygyndysy we multimedia tagtasynda taýýarlanan ýörite şekiller peýdalanylýar. Sapakda şahyryň mertligi, tebigaty, durmuşy wasp edýän «Gerekdir», «Onda bar», «Dilber», «Elden gider», «Bedew», «Ýüň getirer» ýaly şygyrlary barada giňişleýin gürrüň berýärin. Bu goşgular barada ýörite şekilleri multimedia tagtasynda görkezýärin. Şeýle hem okuw kitabynda ýerleşdirilen «Bugdaý» goşgusyny labyzly okaýarys.

Bilim — geljege binýat

Giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ilerledýän güýç hökmünde ylym-bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň intellektual kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny tassyklaýar. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, ýaşlar jemgyýetiň galkynmagyna, ylmy açyşlaryň amala aşyrylmagyna, täzeçillikleriň ornaşdyrylmagyna işjeň goşant goşýan esasy güýç bolup durýar. Şu hakykatdan ugur alyp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler, il-güne peýdaly ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda uly alada edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze taryhy döwürde öňde goýulýan möhüm wezipelere, bildirilýän talaplara has içgin göz ýetirmekde gymmatly gollanma bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Men ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýaryn. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri döwletimiziň abraýydyr,

Dilleri bilmegiň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysady we medeni durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Dil halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi hasaplanýar. Şeýle hem daşary ýurt dillerini bilýän hünärmen dünýäniň ylmy edebiýatlaryndan habarly bolýar. Munuň özi ylym-bilimde hem möhüm ähmiýete eýedir. Diliň özi pikirleniş bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dil bilýän ýaşlaryň pikirlenişi hem ösýär, ylym-bilime bolan garaýşy kämilleşýär.

Kitap — gymmat bahaly sowgat

«Gowy kitaby ilkinji gezek okanymyzda, biz täze dost tutunan ýaly bolýarys. Öň okan kitabymyzy gaýtadan okanymyzda bolsa, köne dostumyza sataşan ýaly bolýarys» diýip, meşhur söz ussatlarynyň biri juda jaýdar belläp geçýär. Hakykatdan hem, kitap — iň wepaly dost, durmuşda iň ýakyn syrdaş, mydama dogry ýollary salgy berýän, kyn pursatlardan baş alyp çykmagy öwredýän iň gowy maslahatçy. Şöhratly taryhymyza ýüzlensek, akyldarlar, ilki bilen, kitapdan, soňra durmuş tejribesinden ugur alypdyrlar. Üns berip görseňiz, paýhasly adamlaryň ählisi-de gün tertibinde hökmany suratda kitap okamaga wagt aýyrýandyr. Kitap diňe bir özünde bar bolan maglumatlary size ýetirmek bilen çäklenmän, pikirleniş endikleriniň ösmegine, dürli ýagdaýlarda çalt netije çykaryp bilmek ukybynyň kämilleşmegine, özüňde gowy adamkärçilik sypatlaryny kemala getirmek arkaly adamlar bilen oňyn aragatnaşyk saklamaga ýardam berýär.

Bilim bermekde döwrebap usullar

Amaly-okuw sapagy geçirildi

Türkmenabat şäheriniň Beýik watançylyk urşy muzeýinde «Ekskursiýalary geçirmek we işläp taýýarlamagyň usuly esaslary» atly mowzuk esasynda amaly-okuw sapagy guraldy. Oňa Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdepde okuw maksatnamasy boýunça «Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)» atly hünär okuwyny geçýän ýokary synp okuwçylar gatnaşdylar. Okuw sapagynyň dowamynda mekdep mugallymlary degişli mowzuk we ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdiler. Muzeýde ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşlykdan soňra okuwçylary gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sowal-jogap alşyldy. Bu işler bilim edaralarynda mekdep okuwçylaryna diňe nazary bilim bermek bilen çäklenmän, olaryň amaly endiklerini ösdürmäge işjeň we guramaçylykly çemeleşilýändigini görkezdi. Amaly-okuw sapagy mekdep okuwçylarynyň ata-babalarymyzyň taryhy geçmişimizdäki gahrymançylykly ýollary bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmeklerine, olaryň şöhratly taryhymyz baradaky düşünjelerini has-da giňeltmeklerine uly mümkinçilik döretdi.

Bilim

Bäsleşikleriň welaýat tapgyrlary geçirildi Golaýda welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Iň göreldeli synp ýolbaşçysy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň jemi jemlendi. Emin agzalary mugallymlaryň sapakda sanly tehnologiýalardan, döwrebap okuw usulyýetinden peýdalanyşyna, çagalar bilen özara gatnaşygy ýola goýşuna, ýolbaşçylyk edýän synpyndaky okuwçylaryň tertip-düzgünine baha berdiler. Bäsleşigiň netijesine görä, baş baýraga Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Suraý Araztaganowa mynasyp boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň fizika mugallymy Aýbibi Rejepowa birinji, Görogly etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Bossan Muhammedowa ikinji, Köneürgenç etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Oguljennet Begmyradowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejeli Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar.

Türkmen ýoly dünýä çykýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe Gahryman Arkadagy hem-de Arkadagly Gahryman Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul etdi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna

"Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bäsleşik geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň  Türkmenbaşy şäher Geňeşi we “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen bilelikde Türkmenbaşy şäherindäki  deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy hem-de 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär galar” ady bilen  bäsleşik geçirildi. Oňa Türkmenbaşy şaherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Bäseşik 4 şertden ybarat bolup, talyplar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabyndan hünar barada aýdan pähimlerini aýtmak, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden labyzly okamak, aýdym aýtmak, ”Magtymguly Pyragy-şygyrýetiň ussady” atly temadan  goşgy, makala, oýlanma ýazmak, şahryň ömri we döredijiligi boýunça test görnüşindäki soraglara jogap bermek boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem talyp ýaşlar Magtymguly Pyragynyň miras galdyran tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada wasp etd

Dil öwrenmek döwletlilikden nyşan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şunda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmeklerine uly ähmiýet berlip, bu babatda yzygiderli tagallalar edilýär. Dil aragatnaşygyň möhüm serişdesi bolmak bilen, dünýä dillerini öwrenmek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi dürli halklaryň dillerini öwrenmek bilen, halkara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, özara hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik döredilýändigini aňladýar. Bu günki günde daşary ýurt dilleri orta mekdeplerde, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar. Döwrümiziň ösmegi bilen sapaklary okatmagyň hem iň döwrebap usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly ulgamy ösdürmek, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak sapak geçmegiň esasy ugruna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamak zerur bolup durýar. Häzirki wagtda sapaklarda multimedia tagtalar, kompýuterler işjeň ul

Halkara bilim hyzmatdaşlygy rowaçlanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu günki gün ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda hem döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilip, uly üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem döwrüň talabyndan ugur alnyp, bilim işine täzeçil çemeleşmeler, häzirki zamanyň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Uniwersitetde talyplaryň häzirki zaman halkara hukuk we halkara gatnaşyklary ylmyndan, halkara ykdysadyýetden, durmuş-ynsanperwerlik bilimlerinden, maglumat tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti açylan ýylyndan başlap daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 13-si bilen gol çekilen jemi 15 sany resminamanyň çäklerinde bilim ojagymyzda mugallymlary we talyplary alyşmak işi yzygiderli amala aşyrylýar. Şol resminamalaryň hatarynda geçen ýylyň oktý

Kämilligiň aýdyň ýoly

Ata Watanymyzda ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ynsanperwer ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleri we bu ugurda kabul edilen maksatnamalar, konsepsiýalar ýaş nesliň bilim almagy we ylym öwrenmegi üçin döwrebap şertleri döretmäge gönükdirilendir. Diýarymyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hem ýaşlaryň kämil adamlar bolmagy hakyndaky tagallalary özünde jemlemek bilen, olaryň okamagy, hünär almagy, gurmagy we döretmegi üçin döwrebap şertleri üpjün edýär.    Ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip ýetişdirmek asyrlar aşyp gelýän milli kämil ýörelgelerimiziň biridir. Munuň özi halkymyzyň ylym-bilime uly sarpa goýýandygyny aňladýar. Çünki ylym-bilim ähli ösüşleriň özeni hasaplanylýar. Şeýle bolansoň, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň bilimli bolmaklary ugrunda uly işler alnyp barylýar. Durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri netijesinde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy. Bu bolsa bilim işini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge, sapaklary täsirli guramaga ýardam berýär.

Asylly ýörelgeler rowaçlanýar

Halkymyz milli gymmatlyklarymyza, nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlarymyza, adatlarymyza uly hormat goýýar, sarpalaýar. Bu asylly ýörelge ajaýyp zamanamyzda has-da rowaçlyklara beslenýär. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi jemgyýetimiziň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmakda, zähmetsöýer, agzybir halkymyzyň Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek ýaly gadymdan gelýän asylly ýörelgelerini dowam etdirmekde, röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde çuňňur many-mazmuna eýe bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwrüň ösüşi bilen aýakdaş bolup, ýylyň-ýylyna rowaçlyklara beslenýär hem-de ýaş nesillerimize bilim öwretmek, milli ruhda terbiýelemek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu işleriň guwandyryjy netijelerini bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň mysalynda aýdyň görýäris.

Bagtly geljegimiziň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, ýaş nesiller hakynda edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrüldi. Ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ajaýyp zamanada «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýaş nesle berilýän bilimiň hili ýylsaýyn ýokarlanýar. Mekdeplerde okuw sapaklaryny sanly serişdeleriň üsti bilen geçmeklik giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýaşlar iň amatly şertlerde bilim almaga, hünär öwrenmäge, döretmäge, ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilik alýarlar.