Ýaş zehinleriň halkara üstünligi

1 Oktýabr 2024
442

Ylymly-bilimli ýaşlar — eziz Watanymyzyň röwşen geljegi. Şu jähetden, olaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, ösdürmek hem-de ylym-bilime bolan höwesini artdyrmak ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri, ýetýän sepgitleri baradaky hoş habarlary eşideniňde, öz ýanyňdan «berekellasyny» ýetireniňi duýman galýarsyň. Şeýle buýsandyryjy habarlaryň bolsa yzy üzülmeýär.

Milli bilim ulgamynda ajaýyp üstünliklere ýetilmegi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Ýaş nesli ylymly edip terbiýeläp ýetişdirmek üçin döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilýär. Talyplar, okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri barada edýän aladalaryna mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Munuň şeýledigini her ýylda mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesiniň halkara derejede geçirilýän bilim, taslama, internet bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerinde-de görmek bolýar. Olar bu bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende galdyrýarlar.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar