Başlangyç synplarda okatmagyň işjeň usullary

24 Sentýabr 2024
706

Başlangyç synplarda okatmagyň esasy talaplarynyň biri-de çagalarda gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek we ynsanperwer garaýşy kemala getirmek bolup durýar. Ýaş nesli terbiýelemek, olarda gowy sypatlary kemala getirmek bilen, zerur durmuş endiklerini öwretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu günki çagalar — jemgyýetimiziň geljegi. Şonuň üçin olaryň terbiýesine, akyl we beden taýdan ösüşine çynlakaý üns berilýär.

Her bir sapagy täsirli guramaklyga, onuň bilim berijilik derejesi bilen bir hatarda, terbiýeçilik tarapyna hem aýratyn ähmiýet berýärin. Okuw işiniň netijeliligi, ilkinji nobatda, mugallymyň saýlap alan okuw usullaryna bagly bolup durýar. Şonuň üçin döwrüň talaplaryndan ugur alyp, guralýan sapaklarda innowasion okuw usullaryny, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryny peýdalanmak okuwçylaryň bilim derejeleriniň artmagyna täsirini ýetirýär. Ýaş nesli geljekde sowatly, ruhy we beden taýdan sagdyn, ösýän jemgyýete uýgunlaşmaga ukyply adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde alyp barýan işlerimiz oňat netije berýär.

Bahargül BAÝJANOWA,
Gyzylarbat etrabyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýötiteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar