"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Zangezur geçelgesiniň açylmagy bilen ýük daşamagyň derejesi artdyrylar

Zangezur geçelgesiniň açylmagy Orta geçelgä tarap daşalýan ýüküň möçberini her ýyl 25 tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik döreder. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň infrastruktura we ulag ministri Abdulkadir Uraloglu belledi.

Ösüşiň täze mümkinçilikleri

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny mundan beýläk-de ösdürmekde we sementiň eksportyny artdyrmakda täze mümkinçilikleri döreder. Onuň üstümizdäki ýylda ulanmaga berlen ilkinji iri önümçilik desgasydygy bolsa, aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, beýleki pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagaty hem uly ösüşlere eýe bolýar. Gürrüňi edilýän sement zawody hasaba alnanda bu ýerde her haýsysynyň önümçilik kuwwaty 1 million tonna barabar bolan 2 sany sement zawodynyň hereket etmegi ýurdumyzda öndürilýän sementiň önümçiligini düýpli artdyrar. Diýarymyzyň beýleki sebitlerinde hereket edýän sement zawodlaryny hem hasaba alanyňda bu ugurda bar bolan kuwwatlyklaryň düýpli berkeýändigine göz ýetirmek mümkin. Ýerli çig malyň binýadynda sementiň we beýleki gurluşyk serişdeleriniň önümçilik depginindäki ösüş hem ýurdumyzyň senagatynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär.

Gurýan döwlet gurpludyr

Gurýan döwlet gurply döwletdir. Gurlup, ulanylmaga berilýän täze binalaryň her biri döwletimiziň berkararlygynyň, ykdysady taýdan ösen döwletdiginiň, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, şeýle hem halkymyz hakynda tagalla edilýändiginiň görkezijisidir. Bu taryhy wakalaryň her biri Gahryman Arkadagymyzyň oňyn, döwletli başlangyçlaryny, beýik işlerini dowam edýän, olara rowaçlyk berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işlerdir, amala aşyrýan belent maksatlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup, ulanylmaga berilýän durmuş-ykdysady, medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň açylyş dabarasyna Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy bu şanly wakalaryň ähmiýetini dünýä ýaýýar. Şu ýylyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyranda Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi täze taryhy eýýamymyzyň senenamasyny has-da baýlaşdyran şanly waka boldy.

Beýik ösüşleriň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly beýik ösüşlere beslenýär. Mälim bolşy ýaly, 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Biziň ýokary okuw mekdebimizde hem taryhy maslahatdan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk, agzybirlik höküm sürýär, halkymyz bagtyýar hem-de bolelin durmuşda ýaşaýar. Adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Aýratyn-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna uly üns berilýär.

Belent üstünlikleriň şuglasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  parasatly baştutanlygynda eziz Diýar ösüşlere beslenýär Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda belent üstünlikler gazanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün edýär, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysady ösüşlere goşant goşýan pudaklaryň aýratyn orny bardyr. Çünki ýurdumyzyň pudaklarynda täze önümçilikler ýola goýlup, belent maksatlara ýetmegiň ýollary işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde amala aşyrylýan işleriň ýokarydygyny aýdyň görkezýär.

Gazagystanda awtoulagda ýük daşamak üçin rugsatnamalary almagyň täze düzgünleri işlenip taýýarlanyldy

«Zakon.kz» habarlar gullugynyň maglumatlary Ulag ministrliginiň Gazagystan Respublikasynda ýol ulaglary üçin ygtyýarnama ulgamyny halkara düzgünlerinde ulanmak boýunça üýtgeşmeleri girizýändigini tassyklaýar. Şeýlelikde, Gazagystan Respublikasynda awtoulag gatnawyna rugsat berýän ulgamyň halkara ulag aragatnaşygynda ulanylmagynyň düzgünleri täze tassyklanan redaksiýada kesgitlenildi.

Täze gaz geçiriji öý-ojaklara eşret paýlaýar

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň hünärmenleridir işgärleri Mary welaýatynyň bagtyýar ilatyny döwletimiziň halkymyza berýän eşreti — tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde öz işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyk guraýarlar. Olar welaýatyň şäherlerinde hem-de obalarynda Milli maksatnama laýyklykda, täze gaz geçirijileri gurmak, ozaldan hereket edýän gaz geçirijileriniň durkuny täzelemek işlerini alyp barýarlar. Ýakynda müdirligiň buýurmasy esasynda welaýatyň Tagtabazar etrabynyň çäginde Töreşyh-Tagtabazar ýokary basyşly gaz geçirijisi gurlup ulanmaga berildi.

Gadamlary batly, ýürekleri joşly

Geçen ýyl «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri üçin şowly boldy. Olaryň birleşen tagallalary arkaly ýyllyk meýilnama möhletinden öň berjaý edildi. Gazanylan üstünlik täze ýylda has belent sepgitleri eýelemäge hem binýat bolup hyzmat edýär. Eýsem, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanan iki aýynda nähili netijelere eýe bolundyka? Biz şeýle sowal bilen müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetowa ýüz tutduk. Şonda ol: — Üstümizdäki şanly ýyly hem üstünliklere beslemek, tebigy gazyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ugrunda edilýän tagallalar ýerine düşýär. Gazçylarymyz gymmatly önümleri öndürmekde gowy netijeleri gazanýarlar — diýip, bizi önümçilik görkezijileri bilen tanyşdyrdy.

Hususy pudak: täzeçillik we öňegidişlik

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli 17 — 19-njy mart aralygynda geçirilýän sergi hem-de maslahat hususy pudagyň wekilleriniň — senagatçylaryň we telekeçileriň gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýär. Diýarymyzyň çar ýanyndan hususyýetçileriň 230-dan gowragyny ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda jemlän gözden geçirilişiň pawilýonlarynda azyk harytlarynyň, dokma, mebel, hojalyk himiýasy önümleriniň, aýakgaplaryň, gurluşyk serişdeleriniň, awtoulag ýaglarynyň, akkumulýatorlaryň, elektron enjamlaryň dürli görnüşleri, gurluşyk pudagynda, syýahatçylyk, jemgyýetçilik iýmiti, maliýe we bank, ätiýaçlandyryş ugurlarynda iş alyp barýan düzümleriň hyzmatlary tanyşdyrylýar. Biz hem bu ýerde bolup, giň gerimli gözden geçirilişde ünsümizi çeken täzeçillikler barada hünärmenleriň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Ýurdumyzda ilkinji, Merkezi Aziýada iň uly

«Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi işewürlik durmuşynyň iň işjeň merkezleriniň birine öwrüler

17-nji martda paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üsti Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan ajaýyp bina — işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi bilen ýetirildi. Täze toplum işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Onuň açylmagy bilen, bu ýerde ýüzlerçe täze iş orunlary hem döredildi.

Ýollar Diýar giňişliklerine uzaýar

Köýtendagdaky iri senagat kärhanasynyň açylyşyndaky ýakymly pursatlaryň ýol ýazgysy Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Munuň özi senagat toplumynyň mümkinçilikleriniň artdyrylýandygynyň, türkmen topragynyň baý serişde gorlarynyň netijeli ulanylýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Ençeme iş orunlarynyň döremegine, ykdysadyýetiň girdejililiginiň artmagyna, netijede, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna ýardam etjek bu iri desganyň açylyş dabarasyna şaýat bolmak bize-de nesip etdi.

Söwda — senagat — sergi

Dünýäde ösüşleriň alamatyny aýdyň ýüze çykarýan serişdeleriň arasynda önümçilik diýlen düşünje esasy orunly eýeleýär. Ata-babalarymyzyň belleýşi ýaly, gurmak — gurplulyk, öndürmek — ösüş. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň hakydalardan hiç haçan öçmeýän dabarasy hem şu düşünjeler bilen berk baglanyşyklydyr. Ol ýurtdan bu ýurda, bu ýurtdan ol ýurda gatnan kerwenlerdäki täjirler bazarlarda sergi bolup ýatan harytlara görä, ýurduň derejesini kesgitläpdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ykdysadyýetiň täze belentliklerine bedew bady bilen göterilýär. Bazarlarymyzda öz önümlerimiz ýylyň-ýylyna köpelýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň geçen hepdedäki söwdalary

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 37 sa­ny­sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Ow­ga­nys­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Mal­ta­dan hem-de Azer­baý­jan­dan ge­len te­le­ke­çi­ler «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­nin­de ön­dü­ri­len awia­ke­ro­si­ni, az kü­kürt­li ýa­kyş ma­zu­dy­ny, aw­to­ben­zi­ni, gid­ro usul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny, şeý­le-de «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­nin­de ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy we «B» mar­ka­ly kar­ba­mi­di sa­tyn al­dy­lar. Bu­lar­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy 77 mil­li­on 23 müň 300 ame­ri­kan dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

«TÜRKMEN ENJAM» HOJALYK JEMGYÝETI: — BIZIŇ MAKSADYMYZ — MILLI ÖNÜMÇILIGI ARTDYRMAGA MYNASYP GOŞANT GOŞMAK

Le­bap se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nda ýylda 1 million tonna sement öner 13-nji mart­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Le­bap we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, Köý­ten­dag et­ra­byn­daky ýyl­da 1 mil­li­on ton­na se­ment ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik­li Le­bap se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra gat­naş­dy.

SIR­KUL­ÝAR YK­DY­SA­DY­ÝE­TE GEÇ­ME­GIŇ ÖSEN TEJ­RI­BE­SI: KO­RE­ÝA RESPUBLIKASY

Ko­re­ýa Respublikasy se­na­gat taý­dan ösen ýurt hök­mün­de dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. Sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek­de ýurt­da nus­ga­lyk tej­ri­be hem top­la­nan­dyr. Ko­re­ýa Respublikasyn­da 2008-nji ýyl­da «Pes ug­le­rod­ly ýa­şyl ösü­şiň mil­li stra­te­gi­ýa­sy» ka­bul edil­ýär. Bu stra­te­gi­ýa eko­lo­gi­ýa ze­per ýe­ti­ril­me­gi­niň öňü­ni al­ma­gyň we ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ha­sa­by­na ener­gi­ýa ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, daş­ky gur­şa­wa we ho­wa düş­ýän ýü­ki azalt­mak ar­ka­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi ga­zan­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. «Pes ug­le­rod­ly ýa­şyl ösü­şiň mil­li stra­te­gi­ýa­sy» sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­me­giň ýö­rel­ge­le­ri­ni öz içi­ne al­mak bi­len, on­da at­mos­fe­ra goý­be­ril­ýän par­nik gaz­la­ry­ny azalt­mak we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak; «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ýan tä­ze kuw­wat­ly he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri dö­ret­mek; dur­muş düz­gün­le­ri­ni «ýa­şyl­laş­dyr­mak» we ýur­dy «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýet­li» nus­ga­wy döw­le­te öwür­mek ar­ka­ly ila­tyň ýa­şaý­şy­nyň hil de­re­je­si­ni

15 million ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum

2022-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan, ýa­kyn­da 15 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum çe­ken ABŞ-nyň «In­ter­lu­ne» kom­pa­ni­ýa­sy Aý­da ge­liý-3 ga­zyp al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň de­giş­li we­kil­le­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, «In­ter­lu­ne» 2026-njy ýyl­da re­go­li­ti ga­zyp alar. Aý­da or­naş­dyr­ma­gy göz öňü­ne tut­ýan ýö­ri­te en­ja­my­nyň kö­me­gi bi­len bol­sa re­go­li­ti gaý­ta­dan iş­läp, ge­liý-3 ön­dü­rer. 2028-nji ýyl­da bol­sa kom­pa­ni­ýa Ýe­riň eme­li hem­ra­syn­da il­kin­ji te­bi­gy baý­lyk çy­kar­ýan za­wo­dy­ny gu­rar. Şeý­le­lik­de, 2030-njy ýyl­da kom­pa­ni­ýa ge­liý-3 ele­men­ti­ni Ýe­re ug­ra­dyp baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. 

Ösen ýurtlaryň döwlet bergileri 56 trillion amerikan dollaryna ýeter

Dün­ýä­de ösen ýurt­la­ryň je­mi döw­let ber­gi­si soň­ky 15 ýyl­da iki es­se­den hem art­dy. Has ta­ky­gy, bu gör­ke­zi­ji hä­zir­ki wagt­da 54 tril­lion ame­ri­kan dol­la­ry­na ýet­di. Ösen ýurt­la­ryň döw­let ber­gi­le­ri 2008-nji ýyl­dan bä­ri, 30 tril­lion ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de ýo­kar­lan­dy. Bi­ler­men­ler 2024-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li bu gör­ke­zi­ji­niň 56 tril­lion ame­ri­kan dol­la­ry­na ýet­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar.

«Adi­das» soň­ky 30 ýyl­da il­kin­ji ge­zek ýy­ly ýit­gi bi­len jem­le­di

Sport ha­ryt­la­ry­ny ön­dü­ri­ji «Adi­das» kom­pa­ni­ýa­sy 2023-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça aras­sa ýit­gi çek­di. Şeý­le ýag­daý soň­ky 30 ýy­lyň için­de il­kin­ji ge­zek ha­sa­ba alyn­dy. Kom­pa­ni­ýa 2023-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça özü­niň aras­sa ýit­gi­si­niň 14 mil­lion ýew­ro bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le-de do­wam ed­ýän amal­lar­dan ma­li­ýe ýit­gi­le­ri­niň 58 mil­lion ýew­ro ýet­jek­di­gi çak­la­nyl­ýar. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, 2022-nji ýyl­da «Adi­das» kom­pa­ni­ýa­sy 638 mil­lion ýew­ro aras­sa gir­de­ji ga­za­nyp­dy.

Türk ko­fe­si­niň ek­spor­ty ýo­kar­lan­ýar

Tür­ki­ýe dün­ýä­niň 146 ýur­du­na ko­fe eks­port ed­ýär. Ýurt soň­ky 5 ýyl­da bu önü­miň eks­por­ty­ny üç es­sä go­laý art­dyr­dy. Tür­ki­ýe 2023-nji ýyl­da ko­fä­niň umu­my ba­ha­sy 57 mil­lion 491 müň amerikan dol­la­ryna deň bo­lan 8 müň 652 ton­na­sy­ny da­şar­ky ba­zar­la­ra iber­di.

ABŞ maý­ning kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň daşky gurşawa ýetirýän zyýany üçin salgyt girizildi

Ýur­duň 2025-nji ýyl üçin býu­jet tas­la­ma­syn­da olar ta­ra­pyn­dan sarp edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy üçin 30 göterimlik sal­gyt ba­ra­da punkt peý­da bol­dy. Hä­ki­mi­ýet­ler krip­to­wal­ýu­ta maý­nin­gi­niň eko­lo­gi­ýa ýa­ra­maz tä­si­ri ba­ra­da ala­da ed­ýär­ler. Bu ýagdaý ma­şyn­la­ryň pro­ses­sor­la­ry­na güýç­li ag­ram sal­ýar, bu hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň köp sarp edil­me­gi­ne (ol so­wa­dyş ul­ga­my üçin hem harç­lan­ýar), bug gaz­la­ry­nyň at­mos­fe­ra zy­ňyl­ma­gy­na we daş­ky gur­şa­wyň ha­pa­lan­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.