Gurýan döwlet gurpludyr

19 Mart 2024
355

Gurýan döwlet gurply döwletdir. Gurlup, ulanylmaga berilýän täze binalaryň her biri döwletimiziň berkararlygynyň, ykdysady taýdan ösen döwletdiginiň, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, şeýle hem halkymyz hakynda tagalla edilýändiginiň görkezijisidir. Bu taryhy wakalaryň her biri Gahryman Arkadagymyzyň oňyn, döwletli başlangyçlaryny, beýik işlerini dowam edýän, olara rowaçlyk berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işlerdir, amala aşyrýan belent maksatlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup, ulanylmaga berilýän durmuş-ykdysady, medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň açylyş dabarasyna Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy bu şanly wakalaryň ähmiýetini dünýä ýaýýar.

Şu ýylyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyranda Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi täze taryhy eýýamymyzyň senenamasyny has-da baýlaşdyran şanly waka boldy.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar