"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

9-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 9-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

Goňşudan goňşa nur ýagýar

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 14-nji ýanwarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde geçirilen giňişleýin göçme mejlisinde sözlän sözünde şeýle diýdi: «Örän iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriji merkezleriniň biri hökmünde biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirdi». Ine, şu sözlerden görnüşi ýaly, Türkmenistan 14-nji ýanwarda goňşy Owganystan döwletine kömek-goldaw bermekde dünýä nusgalyk iş etdi. Şol gün bu iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde amala aşyrylan iri taslamalaryň işe girizilmegine badalga berildi. Şol taslamalaryň biri-de, Kerki — Şibirgan ugry boýunça gurlan elektrik geçiriji ulgamydyr. Umumy uzynlygy 153 kilometre barabar bu elektrik geçiriji güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik toguny goňşy Owganystan döwletiniň Mazari-Şarif şäherine çenli eltip bilýär. Bu şäherde ol ýörite gurlan beketde kabul edilip, degişli ugurlara paýlanylýar. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasyny, bu goňşy ýurt, ylaýta-da, onuň demirgazyk welaýatlary peýdalanýar. Bu ulgam 2022-nji ýylyň başyna Owganystanyň Puli-Humri w

Üstaşyr ulag mümkinçilikleri — ileri tutulýan ugur

Hormatly Prezidentimiz multimodal gatnawlary ulanmak bilen, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljeginiň uludygyny hemişe nygtaýar. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň Ýuwaş ummandan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirmek baradaky tagallalary aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliginden netijeli peýdalanmak maksady bilen, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça täze howa ýollary işe girizilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, howa gatnawlarynyň depginini has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň howa giňişliginde howa gatnawlaryny dolandyryş gullugy tarapyndan dünýäniň ýüzlerçe awiakompaniýasynyň howa gämilerine hyzmat edilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyz yklym we yklymara howa ýollaryndaky iri üstaşyr logistik merkeze öwrülýär.

Türkmenistan — Türkiýe: netijeli gatnaşyklar ösdürilýär

6-njy martda hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi Duşuşykda milli Liderimiz hem-de myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde we dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we doganlyk türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, türk tarapynyň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Eko başlyklyk etmek ýurdumyza geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy Abraýly halkara we sebit guramalary bilen giň hem-de köpugurly gatnaşyklar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Muny 4-nji martda milli Liderimiziň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşmagy nobatdaky gezek aýdyň tassyklady.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmek Türkmenistana geçirildi

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy. Dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibinde COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Sammite Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han we EKO-nyň Baş sekretary doktor Hadi Süleýmanpur gatnaşdylar. Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Türksoý Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak we beýlekiler çagyryldy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmek Türkmenistana geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKO-nyň sammitine gatnaşdy AŞGABAT, 4-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 4-nji marty) Hormatly jenap Başlyk!

Ruhy ýakynlyk

Gruziýanyň Aleksandr Çawçawadzäniň öý muzeýiniň baş ýolbaşçysynyň orunbasary, alym antropolog Irakli Pipiýa tejribeli muzeý işgäri hökmünde daşary ýurtlarda hem giňden tanalýar. Onuň muzeý işini döwrebap we kämil guramaga bagyşlanan ylmy makalalary daşary ýurtlaryň iri neşirlerinde çap edildi. I.Pipiýa 2014-nji ýylyň 12 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen «Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyp, ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy. Ýakynda Irakli Pipiýa özüniň türkmen we gruzin halklarynyň ruhy ýakynlygy hakynda gürrüň berýän makalasyny redaksiýamyza iberdi. Edil türkmenler ýaly gruzinler hem merdana pederlerimizden miras galan asylly ýol-ýörelgeleri ösüp gelýän ýaş nesillere geçirmäge, olary milli ruhda terbiýelemäge uly üns berýärler.

Halkara habarlar

ÝURDUMYZYŇ «DEŇIZ DERWEZESINIŇ» GIŇ MÜMKINÇILIKLERi Golaýda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň guramagynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Ukrainanyň Ykdysady ösüş, söwda we oba hojalygy ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden, Ukrainanyň döwlet kärhanalaryny hem-de telekeçilerini Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Türkmenistan — BMG: gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär

2-nji martda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin «Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Öňňin Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Halkara maslahat geçirildi

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA-nyň arasynda 2021-nji ýyl üçin «Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmak ugrunda hyzmatdaşlyk

AŞGABAT, 2-nji mart (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Taryhy tejribe, netijeli hyzmatdaşlyk

Şu gün — 2-nji martda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmegine 29 ýyl dolýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ideýalara ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Şoňa görä-de, bu sene strategik hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitlere we gazanylan üstünliklere gaýtadan ser salmaga, häzirki zaman meýillerini göz öňünde tutup, ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmak hakda pikir öwürmäge mümkinçilik berýär.

Energetika — ählumumy ösüşiň ugry

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda beýik özgertmeler durmuşa geçirlip, uly netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda energetika pudagy ykdysady üstünliklerimiziň berk binýady hasap edilýär. Bu pudagyň kanunçylyk esasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de 2014-nji ýylda kabul edilen «Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.

Çar ýana uzaýan dostluk ýollary

Ýer ýüzünde belent abraýy barha beýgelýän Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini yzygiderli giňeldýär. Ata Watanymyzdan dünýäniň çar künjegine uzaýan awtoulag, demir, deňiz we howa ýollary gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden, döwrebap usullar bilen dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda ulag ulgamynda «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça ulag ulgamynyň gerimi giňeldilýär. Bu babatda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, golaýda açylyp, ulanylmaga berlen Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoly, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki, şeýle hem ýurdumyzyň welaýat merkezlerindäki Halkara howa menzilleri, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýaly geljegi uly ähmiýetli desgalar Türkmenistanyň sebitiň hem-de yklymyň esasy ulag-logistika merkezi hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda

Möhüm ugurda hyzmatdaşlyk

Öňňin Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi, oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň milli parlamentleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn forumyň gün tertibi Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümi bolan Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 65-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri öz içine aldy.